Prezident R. T. Erdogan ilkinji gezek premýer-ministrligi döwründe 2005-nji ýylda BMG-nyň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda, guramanyň has demokratik we ähli agzalarynyň garaýyşlaryny açyk-aýdyň beýan edip biljek gurluşa eýe bolmalydygyny nygtapdy.
Erdogan Baş Assambleýada eden çykyşynda “Ilkinji nobatda gurama has demokratik we ähli agzalarynyň garaýyşlaryny aç-açan beýan eden gurluşa eýe bolmaly. Gurama halkara derejesinde düşnüşmezlikleriň çözülmeginde uly rol oýnamaly we dünýäniň parahatçylygynyň kepilnamasy bolmaly. BMG tutuş adamzadyň umumy bähbidini ileri tutmaly” diýdi.
Çykyşynda terrora garşy göreş meselesine ünsi çeken Prezident Erdogan, “Dünýäniň niresinde bolandygyna garamazdan terrorçylykly her bir aksiýa biziň ählimizi nyşana alýan adamzat jenaýatydyr. Biz terrory näletleýäris, terror sebäpli uly ýitgi çeken ýurduň premýer-ministri hökmünde tutuş adamzada garşy abanýan bu howpa garşy göreşde ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi üçin çagyryş edýärin” diýip belledi.
Prezident Erdoganyň şol günden bäri eden çykyşlary Türkiýäniň daşary syýasatynda edilen öňe gidişligi we halkara meselelere bolan çemeleşmesini açyk aýdyň beýan edýär.
Prezident Erdogan 2009-njy ýylda geçirlen BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynda eden çykyşynda BMG-nyň düzümine üýtgetme girizilmelidigine ünsi çekdi.
Adalatly we giň gerimli global ulgamyň gurulmagy üçin BMG-nyň has täsirli ýagdaýa getirilmelidigini nygtan Erdogan, “Wekilçilik mümkinçiligi güýçlendirlen, demokratik, aç-açan we has täsirli ýagdaýa getiriljek BMG-nyň halkara derejesidne parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyna uly goşant goşjakdygyna ynanýarys”.
Erdogan, “BMG howa çalşygy, durnukly ösüş, garyplyga garşy göreş, zenan-erkek deň hukuklylygy we adam hukuklarynyň goralmagy ýaly meselelerde has täsirli gurama ýagdaýyna getirilmeli. Şol maksada laýyklykda gurmanyň düzümine üýtgetme girizilmegine uly goldaw berýäris. Guramanyň düzümine giriziljek üýtgetme BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşini hem öz içine almaly” diýdi.
2011-nji ýylda geçirlen BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 66-njy sessiýasynda sebitara meseleleri gün tertibine getiren Erdogan; Siriýa, Liwiýa, Somali we Palestin meselesinde möhüm ýüzlenme berdi. Azerbaýjanyň territoriýasyndaky basyp alyşlygyň bes edilmelidigine ünsi çekdi.
Erdogan “Garabag meselesiniň çözülmezligi asla kabul edilip bilinmez”diýdi.
“Dünýä bäşden uludyr” şygary bilen halkara oýanyş
Erdoganyň BMG-nyň taryhyndaky iň möhüm çykyşlaryndan biri, 2014-nji ýylda eden çykyşynda aýdan “Dünýä bäşden uludyr” sözleri boldy.
BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik 5 agzasynyň tutumyna bagly bolan halkara ulgamyň Palestin we Siriýa ýaly halkara krizislerde täsirli bolup bilmändigini aýdan Erdogan, şol çykyşy bilen halkara jemgyýetçiliginde “global reforma” baradaky jedelleşigi başladan lider boldy.
BMG-nyň düzümine üýtgetme girizilmegi baradaky garaýşyny “Dünýä bäşden uludyr” sözleri bilen beýan eden Prezident Erdogan: “Gijä galynmazdan, adam pidalary köpelmezden BMG başdan geçirilýän kynçylyklaryň çözülmeginde ulo rol oýnamaly. Ýene-de bir gezek “Dünýä bäşden uludyr” diýýärin. BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik 5 agzasy bolan 5 ýurduň dünýäniň hakykatlaryna bap gelmeýän ýagdaýda BMG-nyň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi halkara wyždan tarapyndan kabul edilip bilinmez”diýdi.
Erdogan “Palestinde diňe birnäçe aýda 2 müňden gowrak adam öldürildi emma BMG meseläni çözüp bilmedi. Siriýada bolsa 4 ýylda 200 müňden gowrak adam ýogaldy, 9 milliona golaý adam hem ýaşaýan ýerini terk etdi”diýip belledi.
Terora garşy FETÖ garşy göreşde möhüm ýüzlenme
Erdogan 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygynyň yzy ýanyndan BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynda eden çykyşynda dünýä ýurtlaryna FETÖ barada duýduryş berdi.
“Bu täz nesil terror guramasy diňe Türkiýäniň däl eýsem iş alyp barýan ýerleri bolan 170 ýurt taýdan hem howply” diýen Erdogan, dost ýurtlaryň bu gurama garşy degişli çäre görmelidigini ýatlatdy.
Soňky ýyllarda hem DEAŞ we PKK ýaly terror guramalaryna garşy alnyp barylýan göreşi dünýäniň gün tertibine getiren Erdogan, Türkiýäniň terrora garşy alyp barýan göreşiniň dünýäniň howpsuzlygy taýdan diýseň möhümdigine ünsi çekdi.
Prezident Erdogan 2018-nji ýylda geçirlen BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda Palestin meselesini gün tertibine getirdi.
“BMG-nyň adamzadyň parahatçylygyny we durnuklylygy ýola goýmakdan çetleşendigi hakykatdyr” diýen Erdogan, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň diňe weto hukugyna eýe bolan 5 ýurduň bähbidine hyzmat edýän, dünýäniň beýleki sebitlerinde başdan geçirilýän zuluma dymmak bilen syn edýän gurama öwrülendigini nygtady.
Prezident Erdogan: “Geçmişde Bosniýada, Ruandada, Somalide, ýaňy ýakynda Mýanmada we häzirki wagtda Palestinde edilen gyrgynçylyklar BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň gözüniň öňünde başdan geçirildi.
Palestinde edilýän zuluma sesini çykarmaýanlar, olara berilýän kömekleri çäklendirýän zalymlara ruhy taýdan goldaw berýär. Bütin dünýäniň meselä ünsiz çemeleşýändigine garamazdan Türkiýe hökmünde biz bigünä palestinlilere goldaw bermäge, ilkinji kyblamyz İýerusalimiň taryhy we hukuk statusyna eýe çykmaga dowam ederis” diýdi.
Ezilenleriň we adalatyň sesi: Aýlan bäbejik we Palestin
2019-njy ýylda bikanun göç krizisini “Aýlan bäbegiň” fotosurady bilen dünýä liderleriniň gün tertibine getiren Erdogan, 2023 we 2024-nji ýyllarda bolsa Ysraýylyň Palestine guraýan hüjümlerine ünsi çekdi.
Muglanyň Bodrum etrabynda kenara çykan kiçijik bedeni bilen bikanun göç meselesiniň simwolyna öwrülen Aýlan bäbegiň suratyny görkezen Erdogan “Dünýä, janlaryny halas etmek üçin çykan ýolagçylary ýada Ortaýer deňzinin garaňky suwlarynda, ýada serhetlerdäki simleriň öňünde ýogalan bigünä müňlerçe adamy gynansakda ýatdan çykardy. Esasan görşüňiz ýaly Aýlan bäbegi dünýä gysga wagtda ýatdan çykardy. Bir gün siziň hem şuňa meňzeş wakany başdan geçirip biljekdiňizi ýatdan çykarmaň” diýdi.
Ganhor Ysraýylyň birnäçe ýyldan bäri basyp alyjy syýasatyny dowam etdirýandigine ünsi çeken Erdogan, BMG-nyň meseläni çözüp bilmändigini ýatlatdy.
Garadeňiz Galla geçelgesi
Erdogan diňe tankyt edýän däl eýsem başdan geçirilýän kynçylyklary çözýän lider hökmünde öňe saýlandy.
Russiýa-Ukraina söweşinde Stambul ylalaşygyna laýyklykda açylan Garadeňiz galla geçelgesini BMG-nyň kürsüsinden “BMG-nyň soňky ýyllardaky iň uly üstünligi” hökmünde häsiýetlendirdi. Bu başlangyç Türkiýäniň töwellaçylykda uly rol oýnaýandygyny görkezdi.
Ylalaşygyň çäginde bugdaý daşaýan gäminiň Bosfor bogazyndaky suratyny görkezen Erdogan “Jenap Baş Sekretar bilen birlikde eden tagallalarymyzyň netijesinde ukrain gallasyny Garadeňiz arkaly dünýä ýurtlaryna ýetirdik” diýdi.
“DKTR-nyň garaşsyzlygynyň ykrar edilmegi üçin çagyryş edýäris”
Prezident Erdogan, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda BMG hakyndaky tankydy belliklerini dowam etdirdi.
Terrora garşy göreş, yslam duşmançylygy we rassizm ýaly meselelere ünsi çeken Erdogan, Russiýa-Ukraina söweşi, Palestin meselesi we Gündogar Ortaýerdeňzinde başdan geçirilýän wakalar barada durup geçdi.
Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy barada möhüm ýüzlenme beren Erdogan, “Halkara jemgyýetçiligine DKTR-nyň garaşsyzlygynyň ykrar edilmegi, diplomatiýa, syýasy we ykdysady taýdan gatnaşyk etmekleri üçin çagyryş edýäris” diýdi.
Garabagyň Azerbaýjana degişlidigini nygtan Erdogan, “Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky gepleşik etabyna goldaw berdik. Emma Ermenistan bu taryhy pursatdan ýerlikli peýdalanyp bilmedi. Ermenistanyň Zengezur koridorynyň açylmagy üçin beren wadasynda durmagyna garaşýarys”diýdi.
Ysraýylyň hüjümlerine garşy durmaklary üçin çagyryş
Prezident Erdogan 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirlen BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda dünýä ýurtlaryna 14-nji gezek ýüzlendi.
Halkara jemgyýetçiligine Ysraýylyň hüjümlerine garşylyk görkezmekleri üçin çagyryş eden Erdogan “Palestini ykrar etmedik beýleki döwletlere, bu ynjyk döwürde taryhyň dogry tarapynda durup gysga wagtda Palestin döwletini ykrar etmekleri üçin çagyryş edýärin. 1967-nji ýyldaky serhetlere laýyklykda paýtagty Gündogar Iýerusalim bolan, garaşsyz, özygtyýarly we bitewi Palestin döwletiniň gurulmagy diýseň möhüm. Mundan 70 ýyl ozal Gitler nähili durdurlan bolsa Netanýahu we jenaýatçy topary hem halkara jemgyýetçiliginiň hyzmatdaşlygy netijesinde durdurylmaly” diýdi.
Ünsler Prezident Erdoganyň çykyşynda…
Kipr meselesinden Gündogar Ortaýerdeňzine, yslam duşmançylygyndan howa çalşygyna çenli birnäçe meseläni BMG-nyň gün tertibine getiren Erdogan, 22-nji sentýabrda BMG-nyň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda dünýäniň başdan geçirýän kynçylyklarynyň çözülmegi üçin teklibini hödürlär.





















