ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp “Bir eýýam görkezme berildi we ABŞ-nyň Ýaragly güýçleri bir ýylyň dowamynda Eýrany dolulygyna ýok etmek üçin taýar” diýdi.
Prezident Tramp, Eýranyň hökümetine janyna kast eden ýada kast etmäge synanşan halatynda ABŞ-nyň ýaragly güýçlerine Eýrana hüjüm etmekleri üçin görkezme berendigini aýtdy.
Tramp, Trut Sosial platformasy arkaly beren habarnamasynda “1000 raketa Eýran Yslam Respublikasyny nyşana almak üçin taýar. Eýranyň hökümeti ABŞ-nyň prezidentiniň ýagny meniň janyma kast eden ýada kast etmäge synanşan halatynda müňlerçe raketa şol bir wagtda atylar” diýdi.
Prezidenti Trampyň bu habarnamasy Ýakyn Gündogardaky dartgynlygyň has-da möwjemegine sebäp bolup biler.
ABŞ-nyň Eýrana, Eýranyň hem Ýakyn Gündogar ýurtlaryna guraýan hüjümleri birnäçe günden bäri dowam edýär.






















