Türkiýe bilen Nigeriýa özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak isleýär
Türkiýäniň we Nigeriýanyň Prezidenti paýtagt Ankarada gymmaty 5 milliard dollara barabar bolan 9 şertnama baglaşdy
Türkiýe bilen Nigeriýa sişenbe güni senagat, söwda, maýa goýum we goranyş senagaty boýunça edilýän özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin şertnama baglaşdy.
Türkiýäniň Söwda ministri Ömer Bolat, Nigeriýanyň Prezidenti Bola Ahmed Tinubunyň Türkiýä guran resmi saparynyň çäginde geçirlen gepleşiklerden soň Ankara bilen Abužanyň arasynda Bilelikdäki Ykdysadyýet we Söwda komitetiniň gurulmagy boýunça ylalaşyk teswirnamasynyň baglaşylandygyny aýtdy.
Ministr Bolat “Duşuşykda senagat, söwda, maýa goýum we önümçilik ugurlary boýunça edilýän gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdyk” diýdi.
Söwda ministri Bolat, şertnamalaryň iki ýurtdaky kärhanalar üçin täze mümkinçilik hödürlejekdigini belledi.
9 şertnama baglaşyldy
Söwda ministri Ömer Bolat, iki ýurduň özara söwda mukdaryny 5 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýändigini belledi.
Bolat Türkiýäniň Nigeriýa bilen edýän gatnaşyklaryny ynama we uzak möhletli strategik hyzmatdaşlyga laýyklykda dowam etdirjekdigini belledi.
Paýtagt Ankarada geçirlen özara we toparlara gepleşiklerden soň Prezident R. T. Erdogan bilen Nigeriýanyň Prezidenti Bola Ahmed Tinbunyň gatnaşmagynda 9 şertnama gol çekişildi.
Şertnamalar harby tälim, goranyş we howpsuzlyk, diaspora syýasaty, media we aragatnaşyk we ýokary bilim ýaly ugurlary öz içine alýar.
Nigeriýanyň Prezidenti Bola Ahmed Tinbun, ýurdunuň esasan howpsuzlyk we söwda gatnaşyklary boýunça Türkiýe bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmegi maksat edinýändigini belledi.
Özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi
Türkiýe bilen Nigeriýanyň arasyndaky söwda mukdary 2025-nji ýylyň ilkinji 11 aýynda 688,4 million dollara barabar boldy.
Nigeriýa geçen ýyl Türkiýäniň Afrika materigindäki esasy söwda hyzmatdaşy boldy.
Taraplaryň arasynda goranyş senagaty boýunça edilýän gatnaşyklar gün saýyn ösýär.
Nigeriýanyň Howa güýçleri Türkiýede öndürlen uçarmansyz howa ulaglaryny we 6 sany ATAK T129 kysymly hüjüm dikuçaryny satyn aldy.
50-den gowrak türk frimasy Nigeriýada 400 million dollarlyk maýa goýdy.
Türk işewür adamlarynyň Nigeriýada durmuşa geçiren taslamalarynyň jemi gymmaty 3 milliard dollara golaýlady.
1960-njy ýyldan bäri diplomatiýa taýdan gatnaşyk edýän Türkiýe bilen Nigeriýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar durnukly ýagdaýda ösýär.