Pakistanyň Penjab welaýatynda güýçli ýagyş sebäpli bolan wakalarda iki adam öldi, dokuz adam ýaralandy.
“Penjab 1122-niň” metbugat wekili Faruk Ahmed güýçli ýagyş sebäpli diwarlaryň we üçekleriň hem-de mahabat afişasynyň ýykylandygyny aýtdy.
Ahmed, Attok şäherinde diwaryň ýykylmagy sebäpli iki adamyň ölendigini we üç adamyň ýaralanandygyny habar berdi.
Ol şeýle hem Para Şahin Bag sebitinde bir jaýyň üçeginiň ýykylmagy sebäpli üç adamyň ýaralanandygyny, Huşab sebitinde ýyldyrym çakmagy netijesinde bir adamyň ýaralanandygyny beýan etdi.
Faruk Ahmed, Sargodhada mahabat afişasynyň ýykylmagy sebäpli bir adamyň ýaralanandygyny, Şeýhupurada agaç üçegiň ýykylmagy zerarly bir adamyň ýaralanandygyny aýtdy.




















