SYÝASAT
1 minut okamak
Şara: Prezident Erdogan Siriýa goýlan sanksiýalaryň bes edilmegi üçin tagalla edýär
Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara Prezident Erdoganyň Siriýa goýlan sanksiýalaryň bes edilmegi üçin uly tagalla edýändigini aýtdy.
Şara: Prezident Erdogan Siriýa goýlan sanksiýalaryň bes edilmegi üçin tagalla edýär
Şara Prezident Erdogan Siriýa goýlan sanksiýalaryň bes edilmegi üçin tagalla edýär

Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara, Saud Arabystany bilen Türkiýäniň geçen ýyl ýurduna goýlan sanksiýalaryň bes edilmegi üçin uly tagalla edendigini, Prezident R. T. Erdoganyň ABŞ derejesinde meseläni gün tertibine getirendigini aýtdy.

Siriýanyň Prezidenti Şara, merkezi Katarda ýerleşýän “Al Žareera” teleýaýlymyna beren beýannamasynda, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Siriýa goýlan sanksiýalaryň bes edilmegi etabynda uly rol oýnandygyny,  Saud Arabystany bilen Türkiýäniň hem bu meselede tagalla edendigini aýtdy.

Siriýa goýlan sanksiýalaryň esasy böleginiň agdarlan lider Başar Asad döwründe goýlandygyny ýatladan Şara “Täze goýlan hökümetde siriýanyň halkynyň şol sanksiýalara sezewar bolmaga dowam etmegi dogry däl” diýdi.

Prezident Şara Siriýanyň 1979-njy ýyldan bäri “terrora goldaw berýän döwletleriň” sanawynda ýer alýandygyny emma onuň bu sanawdan çykarylmalydygyny nygtady.