Prezident Erdogan Siriýanyň Prezident Prezidenti Al Şara bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R. T. Erdogan bilen Ahmed Al Şara özara gatnaşyklar bilen birlikde Siriýada başdan geçirlen soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

By
Prezident Erdogan Siriýanyň Prezident Prezidenti Al Şara bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi / AA

Prezident R. T. Erdogan siriýaly kärdeşi Ahmed Al Şara bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Siriýanyň terrordan dolulygyna saplanmagynyň hem Siriýa hem-de tutuş sebit taýdan diýseň möhümdigini belledi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duranyň sosial media platformasy NSosial arkaly beren habaryna görä Erdogan, “Türkiýe terrora garşy göreşiň başda durmagynda Siriýa ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam eder”diýdi.

Erdogan bilen Şara telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar bilen birlikde Siriýada başdan geçirlen soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan Türkiýäniň Siriýanyň bitewiligine, jebisligine we howpsuzlygyna uly ähmiýet berýändigini nygtady.