19 Ýanwar 2026
Prezident R. T. Erdogan siriýaly kärdeşi Ahmed Al Şara bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Siriýanyň terrordan dolulygyna saplanmagynyň hem Siriýa hem-de tutuş sebit taýdan diýseň möhümdigini belledi.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duranyň sosial media platformasy NSosial arkaly beren habaryna görä Erdogan, “Türkiýe terrora garşy göreşiň başda durmagynda Siriýa ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam eder”diýdi.
Erdogan bilen Şara telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar bilen birlikde Siriýada başdan geçirlen soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.
MASLAHAT BERILÝÄR
Prezident Erdogan Türkiýäniň Siriýanyň bitewiligine, jebisligine we howpsuzlygyna uly ähmiýet berýändigini nygtady.
















