Ispaniýada bolan otly heläkçiliginde ýogalanlaryň sany 39 adama ýetdi
Ispaniýanyň günortasynda iki otlynyň kakyşmagy sebäpli ýogalanlaryň sany 39 adama ýatdy. Iki otlyda 400-e golaý ýolagçynyň bardygy habar berildi.
Ispaniýada tizligi ýokarlandyrlan iki otlynyň kakyşmagy sebäpli ýogalanlaryň sany 39 adama ýetdi.
Otly heläkçiligi ýekşenbe güni günortadan soň Kordowa welaýatynyň Adamuz şäheriniň golaýynda başdan geçirildi. Tizligi ýokarlandyrlan otly relýesden çykdy we garşy relýesden gelýän tizligi ýokarlandyrlan başga bir otly bilen kakyşdy.
Gözleg we halas ediş işleri tutuş gije dowam etdi.
Ýolbaşçylar wakada onlarça adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.
Iki otlyda 400-e golaý ýolagçynyň bardygy nygtaldy. Ýanwar aýy Ispaniýanyň Gyzylhaç guramasy ýolagçylaryň hossarlaryna degişli maglumatyň berilmegi üçin Adamuz şäherinde goldaw merkezini açdy.
Otly heläkçiliginiň sebäbi hakynda heniz hiç hili maglumat berilmedi.
Ulaglar ministri Oskar Puente X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda ikinji otlynyň ilkinji iki wagonynyň relýesden çykandygyny we wakanyň başdan geçirlen sebitinden gelen habarnamalaryň diýseň gynandyryjydygyny aýtdy.
Duşenbe güni metbugata beýannama beren ministr Puente heläkçiligi “täsin” hökmünde häsiýetlendirdi.
Puente wakanyň maý aýynda gymmaty 700 million ýewro ýagny 728 million dollara barabar bolan taslama bilen abatlanan düz relýesde başdan geçirlendigini nygtady.
Ispaniýada 2013-nji ýylda Madritden Galisiýa tarap barýan tizligi ýokarlandyrlan otlynyň relýesden çykmagy sebäpli 79 adam ýogalypdy, 179 adam hem ýaralanypdy.
Waka ýurduň demirýol taryhynyň iň uly heläkçiliklerinden biri hökmünde bellige alnypdy.