Erdogan Pezeşkiýan bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Prezident Erdogan, Eýranda protestler dowam edýän mahaly, dartgynlylygy azaltmagyň we sebitleýin durnuklylygyň Türkiye üçin esasy ileri tutulýan ugurlardygyny nygtady.
Prezident Rejep Taýýip Erdogan penşenbe güni Eýranyň Prezidenti Mesud Pazeşkiýan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Türkiyäniň Eýrana daşarky islendik gatyşmaga garşydygyny we goňşularynyň parahatçylygyna we durnuklylygyna ýokary baha berýändigini aýtdy. Beýanat Prezidentlik tarapyndan X arkaly berildi.
Beýanatda telefon söhbetdeşliginde Eýrandaky soňky wakalaryň ara alnyp maslahatlaşylandygy habar berildi. Şeýle hem, Erdoganyň meseleleri täze dartgynlylyga getirmezden çözmegiň Türkiyäniň bähbidinedigini aýdandygy bellenildi.
Eýran soňky ýyllardaky iň uly hökümete garşy protestleri başyndan geçirýär. Demonstrasiýalara gönükdirilen giň möçberli howpsuzlyk operasiýalaryndan soň, ýurduň dini lideri Ali Hameneý şenbe güni wakalarda "birnäçe müň" adamyň ölendigini aýtdy. Bu, pidalaryň möçberi barada Eýranyň resmileriniň ilkinji açyk tassyklamasy boldy. Hameneý ölümler bilen bagly ABŞ-ny günäkärledi.
Ilki başda ykdysady kynçylyklar sebäpli başlanan protestler we iş taşlaýyşlar 1979-njy ýyldaky ynkylapdan bäri ýurdy dolandyrýan dini ýolbaşçylyga garşy köpçülikleýin herekete öwrüldi. 8-nji ýanwarda başlap, ençeme günläp dowam eden demonstrasiýalarda ýüzlerçe müň adam köçelere çykdylar.
Çarşenbe güni Eýranyň daşary işler ministri Waşingtona iň güýçli duýduryşyny berip, Yslam Respublikasynyň "ýene-de hüjüm edilse, ähli serişdeleri bilen jogap berjekdigini" aýtdy.
Resmilerden berlen ilkinji resmi ölüm sany şol gün yglan edildi. Döwlet telewideniýesiniň maglumatyna görä, Eýranyň Weteranlar we Şehitler gaznasy protestler mahalynda 3117 adamyň ölendigini beýan etdi.