Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan resmi sapar bilen penşenbe güni (2-nji oktýabr) Birleşen Arap Emirliklerine (BAE) barar. Bu barada ministrlik habar berdi.
Fidan soňky gezek 5-nji maýda BAE-ne sapar edipdi. Şol saparyň dowamynda Prezident Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahýan tarapyndan kabul edilip, Daşary işler ministri Şeýh Abdullah bin Zaýed Al Nahýan bilen gepleşikler geçiripdi.
Fidanyň saparyň dowamynda Türkiýäniň BAE bilen köpugurly hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek islegini beýan etmegine garaşylýar.
Şeýle-de ol sebitleýin wakalar, şol sanda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň 29-njy sentýabrda yglan eden meýilnamasyndan soň Gazada ok atyşygy bes etmek we parahatçylygy ýola goýmak ugrundaky tagallalar hakynda pikir alyşar.
Mundan başga-da, Fidanyň uruşdan ejir çeken Siriýada durnuklylygy we gaýtadan dikeldiş işlerini ýola goýmak üçin Siriýanyň hökümetine goldaw bermegiň zerurlygyny nygtamagyna garaşylýar.
Türkiýe bilen BAE-niň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar soňky ýyllarda esli derejede ösdi.
2023-nji ýylyň iýul aýynda Prezident Rejep Taýyp Erdoganyň BAE-ne eden saparynyň dowamynda iki ýurt ýokary derejeli Strategik Geňeş döretmek boýunça ylalaşdylar we gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlyk derejesine göterdiler.
Geňeşiň ilkinji maslahaty 2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda Ankarada geçirildi we oňa Erdogan bilen BAE-niň Premýer-mimistri Şeýh Mohammedi bilelikde ýolbaşçylyk etdi.
BAE Türkiýäniň Pars aýlagyndaky iň esasy söwda hyzmatdaşydyr. Iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 2024-nji ýylda takmynan 16 milliard dollara ýetdi, bu bolsa olaryň biri-birege ykdysady taýdan has-da baglydygyny görkezýär.

























