DÜNÝÄ
1 minut okamak
Daniýa Ýewropa sammiti sebäpli raýat dronlaryň ählisini gadagan edýär
Daniýa geçen hepdäniň dowamynda ýurduň howa giňişliginde näbelli dronlaryň anyklanmagyndan soň, howpsuzlyk çärelerini artdyrdy. Russiýanyň wakadaky roly derňelýär.
Daniýa Ýewropa sammiti sebäpli raýat dronlaryň ählisini gadagan edýär
Daniýa

2-nji oktýabrda Kopengagen şäherinde geçiriljek 7-nji Ýewropanyň Syýasy Bileleşiginiň sammitiniň öňüsyrasynda Daniýa ähli raýat uçarmansyz howa ulaglaryny gadagan edýär. Ulaglar ministrligi bu kararyň howpsuzlygy üpjün etmek üçin kabul edilendigini habar berdi.

22-nji sentýabrdan bäri Daniýada täsin dronlaryň anyklanmagy, birnäçe howa menziliniň ýapylmagyna sebäp boldy. Daniýa bu wakalarda ruslaryň rol oýnap biljekdigini öňe sürdi, ýöne Moskwa bu aýyplamalary ret edýär.

Daniýanyň Ulaglar ministri Tomas Danielsen: "Daniýa indiki hepde ÝB liderlerini kabul eder we şonuň üçin howpsuzlyga has köp üns bereris. Şol sebäpli duşenbe gününden anna gününe çenli ähli raýat uçarmansyz howa ulaglarynyň uçuşlaryna Daniýanyň howa giňişligini ýaparys" diýdi.

Danielsen: "Şeýlelik bilen, duşmançylykly uçarmansyz howa ulaglaryny kanuny dronlar bilen ýalňyşdyrmak howpuny ortadan aýyrýarys" diýdi.

Bu gadagançylyk howpsuzlyk edaralaryna kömek etmegi maksat edinýär.

Adalat ministri Piter Hummelgaard beren beýannamasynda gadagançylygyň polisiýanyň we beýleki häkimiýetleriň işini ýeňilleşdirmek üçin edilendigini aýtdy.

Daniýanyň polisiýa gullugy şenbe güni halkdan uçarmansyz howa ulaglarynyň uçuşlary barada 500-den gowrak habar alandyklaryny aýtdy, ýöne aglabasynyň hasaba alynjak waka bolmandygyny habar berdi.

Öwren
ABŞ bilen Hytaý Seulda söwda gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdy
Kabul Yslamabatda guralan hüjümiň Owganystanda meýilleşdirlendigi hakyndaky garaýyşlary ret etdi
Ganhor Ysraýylyň Liwana guran hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 2 müň 882 adama ýetdi
Birleşen Arap Emirlikleri Eýrana garşy gizlinlikde hüjüm edipdir
Russiýa ylalaşygyň möhlediniň tamamlanmagynyň yzy ýanyndan Ukraina howa hüjümini gurady
Belgiýa Türkiýe bilen strategik ýaranlygyň çuňlaşdyrylmagynda “uly ptensialyň” bardygyny görýär
ABŞ-nyň hantawirus gämisindäki raýatlaryndan birinde wirusyň bardygy anyklandy
Hantawirusdan zyýan çeken gämi Ispaniýanyň Tenerife portuna geldi we ewakuasiýa başlandy
Ysraýyl Eýrana garşy urşy goldamak üçin Yrakda gizlin baza döretdi we ony tapan esgerlere hüjüm etdi
Putin Fiso Russiýanyň Slowakiýa energiýa üpjünçiligi üçin "ähli zady" etjekdigini aýtdy
Putin: Rus esgerleri NATO tarapyndan ýaraglanan we goldanylýan agressiw güýç bilen ýüzbe-ýüz bolýar
BSGG-nyň başlygy hantawirus gämisiniň ýolagçylarynyň ewakuasiýa edilmegi üçin Ispaniýa gidýär
Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda wagtlaýyn atyşygyň bes edilendigini yglan etdi
Dron hüjümleri Russiýanyň günortasynda howa gatnawyny bökdedi
ABŞ hantawirusy “3-nji derejeli” adatdan daşary ýagdaý dolanşygy hökmünde yglan etdi
Hantawirusa ýoluganlaryň artyp biljekdigi barada duýduryş berildi
Hytaý öňki iki goranmak ministrine galplyk üçin şertli ölüm jezasyny berdi
Russiýa Germaniýany günäkärledi
Ysraýyl Liwanyň günortasynda ýerleşýän 12 obanyň boşaldylmagyny isledi
ABŞ Peşawerdäki başkonsullygyny ýapar