Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrligi, şenbe güni ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana garşy başladan bilelikdäki hüjümleri bilen başlan söweş sebäpli Ýakyn Gündogar ýurtlaryndaky türk raýatlaryna degişli goldawyň berlendigini mälim etdi.
Ministrligiň metbugat sekretary Önjü Keçeli anna güni X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda, hüjümleriň nyşany bolan ýurtlardaky türk raýatlarynyň goralmagy üçin degişli çäreleriň görlendigini nygtady.
Keçeli Türkiýäniň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň 7 gün 24 sagadyň dowamynda telefon arkaly hyzmat edýändigini nygtady we raýatlaryň daşary ýurtlardaky türk wekilhanalarynyň beren maglumatlaryna üns bermeklerini isledi.
Keçeli Türkiýäniň Yrakdaky, Eýrandaky, Ysraýyldaky, Liwandaky, Saud Arabystanyndaky, Siriýadaky, Omandaky we İordaniýadaky diplomatik wekilhanalary arkaly raýatlara degişli maglumatlaryň berlendigini ýatlatdy.
Bahreýden, Katardan we Kuweýtden Türkiýäniň göni howa gatnawynyň ýokdygyny nygtan Keçeli, Birleşen Arap Emirliklerinden Türkiýä seýrek hem bolsa uçar saparlarynyň guralýandygyny nygtady.
Türk raýatlarynyň 4 ýurtdan gara ýoly arkaly Saud Arabystanyna we Omana getirilmegi üçin degişli taýarlyklaryň görülýändigini aýdan Keçeli, raýatlaryň şol ýerden Türkiýä uçjakdygyny belledi.
Sebitdäki şertleriň üýtgeýändigini adýan Keçeli, türk raýatlaryna galýan ýurtlaryndaky diplomatik wekilhanalaryň beren duýduryşlaryna üns bermekleri üçin çagyryş etdi.
ABŞ bilen Ysraýylyň geçen şenbe gününden bäri Eýrana guraýan bilelikdäki hüjümlerinde dini lider Ali Hamaneý we ýokary çinli harbylar bilen birlikde müňden gowrak adam ýogaldy.
Eýran bolsa ar almak maksady bilen Ysraýyla we ABŞ-nyň sebitdäki harby merkezlerine ýer eýeçiligini edýän Aýlag ýurtlaryna dron we raketa hüjümlerini guraýar.









