Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran Prezident Erdoganyň Liwiýanyň Premýer-ministri Abdulhamid Dibeýbe bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny we Liwiýanyň Baş ştabynyň başlygynyň we beýleki ýokary derejeli harby resmileriň Türkiyede bolan uçar heläkçiliginde aradan çykmagy sebäpli gynanç bildirendigini aýtdy.
Burhanettin Duran Prezident Erdoganyň çarşenbe güni Abdulhamid Dibeýbe bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde: "Uçar heläkçiliginiň netijesinde Liwiýanyň Baş ştabynyň başlygy general Mohammed Ali Al-Haddadyň we onuň ýanyndaky wekiliýetiň ýogalmagyna gynanç bildirdi" diýip aýtdy.
Türkiyäniň Içeri işler ministri Ali Ýerlikaya sişenbe güni Ankaranyň Esenboga howa menzilinden Tripoli şäherine gitmek üçin uçan "Falcon 50" kysymly uçaryň galyndylarynyň Žandarma güýçleri tarapyndan Ankaranyň Haýmana etrabyndaky Kesikkawak obasyndan takmynan 2 kilometr günortada tapylandygyny mälim edipdi.
Ýerlikaya uçaryň gara gutusynyň we kabinanyň ses ýazgysynyň çarşenbe güni irden tapylandygyny we çykarylandygyny aýtdy.
Ýerlikaya heläkçiligiň sebäbini anyklamak üçin bu enjamlary derňemek işiniň başladylndygyny beýan etdi.
Liwiýanyň Milli jebislik hökümeti uçar heläkçiliginden soň 3 günlük milli ýas yglan etdi.













