SYÝASAT
2 minut okamak
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi
Türkiýe Respublikasynyň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, “Bu karar DKTR-nyň halkynyň özygtyýarlygyny we gelejegini goramak taýdan diýseň möhüm” diýdi.
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi / AA
October 15, 2025

Türkiýe, DKTR-nyň Jemhuriýet Mejlisiniň sişenbe güni Kipr meselesi bilen arabaglanşykly iki döwletli çözgüt teklibini tassyklamagyna kanagatlanma bildirdi.

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz, türk sosial media platformasy NSosial arkaly beren habarnamasynda “Bu karar DKTR-nyň halkynyň özygtyýarlygyny we gelejegini goramak taýdan diýseň möhüm” diýdi.

“Ýarym asyrdan bäri hiç hili netije bermedik federassiýa modeli indi gün tertibinden çykaryldy” diýen Ýylmaz, “Adada durnukly we adalatly çözgüt diňe iki garaşsyz we deň hukukly döwlete esaslanmaly. Bu taryhy kararyň kabul edilmeginde uly rol oýnan we iki döwlet çözgüt meselesinde ygrarly bolan ähli halk deputatlarymyzy gutlaýaryn. Kipr türk halkynyň gelejegi, durnuklylygy we mertebesi üçin bu karary kabul edendikleri üçin olara sagbolsun aýdýarys. Türkiýe hökmünde Kipr türküniň ýagty gelejegi üçin ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.

DKTR iki döwletli çözgüt kararyny biragyzdan kabul etdi.

BMG-nyň giň gerimli çözgüt üçin edýän tagallasyna garamazdan, Kiprde grekler bilen türkleriň arasynda uzak ýyllardan bäri hiç hili ylalaşyk gazanylyp bilinmedi.

1960-njy ýyllaryň başynda başlan we adadaky türkleri nyşana alýan etniki hüjümler, Kipr türklerini howpsuzlyklaryny ýola goýmak üçin belli sebitlere çekilmäge mejbur etdi.

1974-nji ýylda Kipriň grek böleginiň Gresiýany adany anneksirlemäge höweslendirmek maksady bilen eden agdarlyşygy, Türkiýäniň hemaýatkär ýurt hökmünde Kipr türklerini zulumdan goramak üçin ada harby taýdan operasiýa guramagyna sebäp boldy.

Operasiýanyň netijesinde 1983-nji ýylda DKTR gurulýar.

Hemaýarkär ýurtlar Türkiýäniň, Gresiýanyň we Britaniýanyň goldaw bermeginde 2017-nji ýylda Şweýsariýada başladylan gepleşikler hiç hili netije bermedi.

Kipriň grek bölegi 2004-nji ýylda ÝB-ne agzalyga kabul edilýär.

Kipriň grek bölegi şol ýyl BMG-nyň düşnüşmezligiň ortadan aýrylmagy üçin taýarlan meýilnamasyny hem ret etdi.