Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginiň ýolbaşçylary, hüjümleriň bes edilmegi we ýesir çalşygy ylalaşygynyň çäginde Ysraýl tarapyndan yzyna berlen palestinli tussaglylaryň jesetlerinde gynamanyň we ýanygyň yzlarynyň bardygyny mälim etdi.
Saglygy goraýyş ministrliginiň Baş müdüri Dr. Munir Al Burş, penşenbe güni beren beýannamasynda, Gazaly tussaglylaryň jesetleriniň haýwanlar ýaly daňylandygyna, gynalandygyna we jesetlerde ýanygyň yzlarynyň bardygyna ünsi çekdi.
Al-Burş, jesetlerdäki yzlary “gizläp bolmajak jenaýatlar” hökmünde häsiýerlendirdi we birnäçe tussaglynyň asylyp öldürlendigini belledi.
“Büginä palestinli tussaglylar wagşylarça öldürlipdir, tussaglylaryň bir bölegi asylyp öldürlipdir” diýen al-Burş “wakanyň jogapkärleriniň adalatyň öňünde jerimesini çekmegi üçin halkara derejesinde derňew işiniň geçirilmegi barada çagyryş berdi we başdan geçirlen wakalary “harby jenaýat” hökmünde häsiýetlendirdi.
Palestinli tussaglylaryň media gullugy, yzyna berlen käbir jesetleriň organlarynyň ogurlanandygyna ünsi çekdi.
Media gullugy tarapyndan berlen beýannamada, “Alynky barlaglar käbir jesetleriň organlarynyň ogurlanandygyny görkezýär. Bu hem basyp alyjy ýurduň hem ýaşaýan hemde ýogalan palestinlilere bilkastlaýyn jenaýat edilendigini açyk-aýdyň görkezýär” diýildi.
Beýannamada, “Yzyna berlen jesetleriň käbirinde elleriniň we gözleriniň daňylandygy, zulum edilendigi, gynalandygy, ýanandygy we Ysraýylyň sowutly ulaglary tarapyndan ezilendiginiň yzlary bar” diýildi.
Penşenbe güni irden Gazadaky Saglygy goraýyş ministrligi, Halkara Gyzyl Haç guramasy arkaly Ysraýyldan 30 palestinliniň jesedini kabul edip alypdy.
Jesetleriň käbirinde gynama yzlarynyň bardygy nygtaldy.
Ysraýyl geçen hepde anna güni ylalaşygyň güýje girmeginden soň häzire çenli 120 palestinliniň jesedini tabşyrdy.