Saglygy goraýyş ministrligi: Owganystandaky ýertitremede ýogalanlaryň sany 20 adama ýetdi
ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew merkezi ýer titremäniň ýekşenbe güni sagat 20:30-da Mazary Şerif şäheriniň golaýynda, ýeriň takmynan 28 km aşagynda emele gelendigini habar berdi.
Owganystanyň Saglygy goraýyş ministrligi Owganystanyň demirgazygynda başdan geçirlen 6,3 bal ululygyndaky ýer titremede azyndan 20 adamyň ýogalandygyny, takmynan 320 adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi.
Owganystanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat geňeşçisi Şerafat Zaman metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Balh we Semengan welaýatlarynda takmynan 320 adam ýaralandy we 20-den gowrak adam ýogaldy diýip belläp, görkezmeleriň deslapkydygyny mälim etdi.
ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew merkezi ýer titremäniň ýekşenbe güni sagat 20:30 töweregi, ýurduň iň uly şäherleriniň biri bolan Mazary Şerifiň golaýynda, ýeriň 28 km aşagynda bolandygyny habar berdi.
Germaniýanyň Geo-ylym ylmy-derňew merkezi bolsa ýer titremäniň ululygynyň 6,4 baldygyny aýan etdi.
31-nji awgustda ýurduň gündogarynda 6 bal ululygynda, Owganystanyň taryhynyň iň elhenç ýer titremeleriniň biri başdan geçirilipdi, ol tebigy hadysada bolsa 2200-den gowrak adam ýogalypdy.
Ýer titremeler bu ýurtda, esasanam, Hindiguş dag gerşiniň töwereginde, Ýewraziýa we Hind plitalarynyň çatrygynda ýygy-ýygydan bolup geçýär.