Prezident Erdogan täze Adalat we Içeri işler Ministrlerini wezipä belledi

Stambulyň Baş prokurory Akyn Gürlek Adalat ministrligine, Erzurum welaýatynyň gubernatory Mustafa Çiftçi bolsa Içeri işler minstrligine bellendi.

By
Prezident Erdogan täze Adalat we Içeri işler Ministrlerini wezipä belledi / TRT World

Türkiýede Prezident R.T.Erdoganyn goly bilen Resmi gazetde çap edilen kararnama laýyklykda täze adalat we Içer işler ministrlerini belledi.

Kararnama laýyklykda Stambulyn Baş prokurory Akyn Gürlek, Ýylmaz Tunçyň ýerine adalat  ministrligine; Erzurum  welaýatynyň gubernatory Mustafa Çiftçi bolsa Ali Ýerlikaýanyň ýerine Içeri işler minstrligine bellendi.

Wezipä bellemeler Türkiýe Respublikasynyň Konstitutsiýasynyň 104 we 106-njy maddalaryna laýyklykda edildi.

Beýannamalardan soň Ali Ýerlikaýa Içeri işler ministrligi wezipesini Mustafa Çiftçä tabşyrandygyny nygtap, täze ministre üstünlik arzuw etdi.

Ýerlikaýa sosial mediadan ýaýradylan habarnamasynda 2023-nji ýylyň 4-nji iýunyndan bäri Prezident Erdoganyň karary bilen Içeri işler ministri bolup işländigini beýan etdi we işlän möhletinde beren goldawy üçin Prezidente sagbolsun aýtdy.

Ýerlikaýa şeýle hem Içer işler ministrliginiň işgärlerine jemgyýetçilik ulgamy we howpsuzlygy ýola goýmakda bitiren işleri üçine sagbolsun aýtdy we täze ministre üstünlik arzuw etdi.

Ýylmaz Tunç Akyn Gürlegiň adalat ministrligine bellenmeginden soň  hoşlaşyk habarnamasyny çap etdi.

Tunç Prezident Erdogan bilen bilelikde işleşmegiň we hâkimiýet başyndaky partiýanyň syýasatyna goşant goşmagyň buýsandyryjydygyny, 2023-nji ýylyň iýunynda adalat ministrligine bellenmeginiň özi üçin uly jogapkärçilik bolandygyny mälim etdi.

Geçen 23 ýylda Erdoganyň liderliğinde demokratiýanyň we hukugyň hökmürowanlygynyň güýçlendirilmegi ugrunda edilen özgertmelere ünsi çeken Tunç, gelejekde-de ýurt üçin işlemäge dowam etjekdigini beýan edip, Gürlegi gutlady we täze wezipesinde üstünlikler arzuw etdi.

Kararlar Resmi gazetde çap edilmeginden soň dessine güýje girdi.