Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Netanýahunuň ýolbaşçylygyndaky hökümet Gazada 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri edýän genosidinde esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 69 müň adamy öldürdi we 170 müň 600-den gowrak adamy ýaralady.
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň Gazada eden genosidi sebäpli tussag edilmegi barada karar kabul etdi.
Stambulyň Baş Prokuraturasyndan anna güni berlen beýannamada, Gazada genosid eden Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada kararyň kabul edilendigi bellenildi.
Prokuratura tarapyndan berlen beýannamada, Ysraýylyň Gazadaky asuda ilata garşy guraýan sistematik hüjümleri boýunça giňişleýin derňewiň geçirlendigi we hereketleriň genosid hem-de adamzada garşy edilen jenaýat hökmünde häsiýetlendirlendigi nygtaldy.
Deňew işi Ysraýylyň deňiz güýçleri tarapyndan Gaza ynsanperwer kömegini alyp giden Halkara Sumud flodynyň saklanmagyndan we ynsanperwer kömek guramalarynyň nägilelikleri esasynda başladyldy.
Prokuratura ysraýylly esgerler tarapyndanAl Ehli arap hassahanasyna guralan bombaly hüjümde 6 ýaşyndaky Hind Ražabyň öldürilmegine, 500-den gowrak adamyň ýogalmagyna we Türk-Palestin dostluk hassahanasyna guralan hüjümlere ünsi çekdi.
Harby jenaýatlar
Derňew işinde Ysraýylyň Gaza goýan gabawyna we ynsanperwer kömekleriniň suda ilata ýetirilmeginiň bilkastlaýyn bökdemegine üns çekildi.
Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu, Goranmak ministri Kats, Milli howpsuzlyk ministri İtamar Ben-Gwir, Baş ştabyň başlygy Herzi Halewi we Deňiz güýçleriniň serkerdesi Dewid Saar Salama ýaly ýolbaşçylar asuda ilata garşy “genosid” etmekde we “adamzada garşy jenaýat” etmekde günäkärlendi.
Prokuratura kazyýetden şol adamlaryň halkara derejesinde tussag edilmegi üçin gyzyl bulteniň çykarylmagyny talap etdi.
Derňew işiniň Stambulyň İçeri işler müdürli we Milli howpsuzlyk gullugy tarapyndan geçirlendigi ýatladyldy.
Halkara Jenaýat kazyýeti geçen ýylyň noýabr aýynda Netanýahu we ozalky Goranmak ministri Ýoaw Gallandyň Gazadaky harby jenaýatlary we adamzada garşy eden jenaýatlary sebäpli tussag edilmegi barada karar kabul edipdi.
Ysraýylyň harby jenaýatlary sebäpli Halakra Adalat diwanynda hem iş gozgalypdy.