Eýran Kuweýde dron hüjümini gurady

Kuweýtli resmiler Eýranyň guran dron hüjüminde energiýa desgalarynyň nyşana alynandygyny habar berdi.

By
Eýran Kuweýde dron hüjümini gurady / AA

Kuweýdiň harby goşuny, Eýranyň paýtagta  guran dron hüjüminde döwlet eýeçiligindäki nebit desgalaryna zeper ýetirlendigini habar berdi.

Habarda howa hüjümlerinden soň howa goranyş ulgamlarynyň raketa we dron howpuna garşy herekete geçendigi nygtaldy.

Kuweýtli resmiler ýekşenbe güni Eýrana degişli dronlaryň iki energeiýa we suw arassalaýyş desgasyny nyşana alandygyny habar berdi.

Hüjüm sebäpli desgalara uly zeper ýetirildi.

Kuweýdiň harby goşuny tarapyndan berlen beýannamada “Howa goranyş ulgamlarymyz dron we raketa hüjümleriniň öňüni alýar” diýildi.

Kuweýdiň Maliýe ministrligi, Eýrana degişli dronyň ministrlige degişli bina zeper ýetirendigini emma wakada adam pidasynyň çekilmändigini mälim etdi.

Kuweýdiň Maliýe ministrliginden berlen beýannamada, hüjümiň şenbe gijesi guralandygy nygtaldy.

Sebitara dartgynlyk artýar

Kuweýdiň Nebit firmasy, dron hüjüminden soň Nebit ministrligine degişli Şuweýh nebiti gaýtadan işleýän desgada ýangynyň bolandygyny aýan etdi.

Ýangyn söndüriş işgärleriniň ýangyny gözegçilik astyna almaga çalyşýandygy nygtaldy.

ABŞ bilen Ysraýylyň 28-nji fewralda Eýrana garşy başladan hüjümleri sebitde dartgynlyga sebäp boldy.

Söweşde Eýranyň ozalky dini lideri Ali Hameneýi bilen birlikde 1340 adam ýogaldy.

Eýran hem Ysraýyl bilen birlikde Iordaniýa, Yraga we ABŞ-nyň harby merkezlerine ýer eýeçiligini edýän Aýlag ýurtlaryna raketa we dron hüjümlerini guraýar.

Hüjümler halkara bazarlaryň ýitgi çekmegine we nebitiň barrel bahasynyň artmagyna sebäp boldy.