2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşygyň güýje girmeginden bäri, genosid jenaýatçysy Ysraýylyň Gaza zolagynda guran hüjümlerinde 1417 adam ýogaldy we 4964 adam ýaralandy.
Gazadaky Saglygy goraýyş ministrligi 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Ysraýylyň Gazada guraýan hüjümlerinde başdan geçirlen ýitgiler barada iň soňky maglumatlary paýlaşýan ýazmaça beýanat berdi.
Ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşyga garamazdan, Ysraýyl Gazada guraýan hüjümlerini dowam etdirýär we soňky 24 sagadyň dowamynda hassahanalara getirlen 2 adam ýogaldy we 11 adam ýaralandy.
2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Gazada ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşygyň güýje girmeginden bäri, Ysraýyl tarapyndan guralan hüjümlerde 1417 adam ýogaldy, 4964 adam ýaralandy we harabalyklaryň aşagyndan 834 adamyň jesedi çykaryldy.
Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gaza zolagynda guraýan hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sanynyň 74018 adama ýetendigi, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 175079 adama ýetendigi habar berildi.
Gaza zolagynda harabalyklaryň aşagynda müňlerçe adamyň jesediniň bardygy çak edilýär.





















