Stambulda geçirlen Nol galyndy festiwalyna 1 milliondan gowrak adam gatnaşdy
TÜRKIÝE
1 minut okamak
Stambulda geçirlen Nol galyndy festiwalyna 1 milliondan gowrak adam gatnaşdyStambul Nol galyndy hepdeliginiň çäginde Atatürk adyndaky howa menzilinde geçirlen Nol galyndy festiwaly öz işini tamamlady.
Stambulda geçirlen Nol galyndy festiwalyna 1 milliondan gowrak adam gatnaşdy

Stambulyň gubernatory Gül bilen Nol galyndy gaznasynyň başlygy Samed Agyrbaş, Stambulyň gubernatorlygy bilen Nol galyndy gaznasy tarapyndan geçirlen Stambul Nol galyndy hepdeliginiň tamamlanmagyndan soň metbugata beýannama berdi.

Gubernator Gül Atatürk howa menzilinde geçirlen Stambul Nol galyndy hepdeliginiň halkyň ünsüni özüne çekendigini nygtady.

Gubernator Gül, Prezident R. T. Erdoganyň aýaly Emine Erdoganyň goldaw bermeginde başladylan Nol galyndy hereketiniň dünýä ýurtlarynyň hem ünsüni özüne çekendigini we Türkiýäniň güýjüne güýç goşýan halkara marka ýagdaýyna öwrülendigini aýtdy.

Stambul nol galyndy hepdeliginiň çäginde geçirlen halkara Nol galyndy forumyna 183 ýurduň wekiliniň gatnaşandygyny aýdan Gül, munyň Türkiýäniň halkara derejesindäki güýjüne güýç goşandygyny ýatlatdy.

Nol galyndy gaznasynyň başlygy Samed Agyrbaş hem Nol galyndy festiwalynyň çäginde 1500-den gowrak çäräniň geçirlendigini we festiwala 1 milliondan gowrak adamyň gatnaşandygyny aýtdy.