SYÝASAT
1 minut okamak
BSGG: Ysraýylyň Nasser hassahanasyna guran hüjümi, saglygy goraýyş ulgamyna uly zeper ýetirdi.
Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň başlygy, Ysraýylyň ýekşenbe güni Gazanyň günortasynda ýerleşýän Nasser hasahanasyna guran hüjüminiň, sebitde saglygy goraýyş ulgamyna uly zeper ýetirendigini mälim etdi.
BSGG: Ysraýylyň Nasser hassahanasyna guran hüjümi, saglygy goraýyş ulgamyna uly zeper ýetirdi.
27 Mart 2025

Ysraýylyň hüjüminiň “hassahananyň hirurgiýa bölümine uly zeper ýetirendigini, iki adamyň ýogalandygyny we 8 adamyň ýaralanandygyny” nygtan Tedros Ghebreýesus, duşenbe güni X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, “35 düşege zeper ýetirildi, onsuz hem agyr günleri başdan geçirýän saglygy goraýyş ulgamynyň işini has-da kynlaşdyrdy” diýdi.

 “Saglygy goraýyş ulgamy nyşana alynmaly däl, eýsem goralmaly we harby maksatly ulanylmaly däl” diýen Tedros Ghebreýesus, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ýesirleriň boşadylmagy we atyşygyň bes edilmegi üçin ýene-de bir gezek çagyryş berýändigini ýatlatdy.

Ýekşenbe gijesi Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gazanyň günortasynda ýerleşýän hassahanany bombalamagy sebäpli azyndan 2 palestinalynyň ýogalandygyny, birnäçe adamyň ýaralanandygyny mälim edipdi.

Hassahananyň hirurgiýa bölüminiň nyşana alynandygyny mälim eden Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi, hüjümde ýogalanlardan biriniň16 ýaşyndadygyny, ýaralananlaryň arasynda hassalaryň we saglygy goraýyş işgärleriniň bardygyna ünsi çekdi.

Ysraýylyň harby goşuny, ýanwar aýynda güýje giren atyşygyň bes edilmegi we ýesir çalşygy baradaky ylalaşyga garamazdan 18-nji martda Gaza garaşylmadyk ýagdaýda hüjüm gurap azyndan 730 adamy öldürdi, 1200 adamy hem ýaralady.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Hegset: ABŞ we Hytaý dartgynlygy gowşatmak üçin harby aragatnaşyk ulgamyny döreder
Hakan Fidan BMG-na reforma çagyryşyny berdi
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi?
Hytaýyň global dolandyryş başlangyjy Türkiyäniň täze dünýä tertibi baradaky garaýşy bilen utgaşýar
Germaniýanyň Federal Kansleri Mers Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdi
Stambul Pakistan-Owganystan gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Maduro ABŞ-na ýüzlendi: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!”
Müsür BMG-ni Gaza parahatçylyk missiýasyny gyssagly herekete geçmäge çagyrýar
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy
Tramp Russiýanyň prezidenti Putin bilen "biderek geçjek duşuşyk" islemeýändigini aýtdy
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy
Kipr türk halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär
Türkiýe Gaza goldaw bermäge dowam eder
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi
Türkiye, Müsür, Katar we ABŞ Gaza ýaraşyk şertnamasyna gol çekdiler
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler”
Ysraýyl ylalaşygyň çäginde palestinli tussaglylary boşatmaga başlady
Dünýä ýurtlary Gaza ylalaşygyna goldaw berýär