Eýranyň Mejlisiniň başlygy Muhammed Bakyr Kalibaf, ABŞ-da geçirlen araky saýlawlaryň resmi bolmadyk netijelerine görä, demokratlaryň Senatda esasy köplüge eýe bolmagy barada beren beýannamasynda, “Amerikan halky söweşe garşydygyny görkezdi we biz hem bu ýüzlenmä goldaw berýäris” diýdi.
Kalibaf X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda, ABŞ-daky araky saýlawlaryň resmi bolmadyk netijeleri barada garaýyş beýan etdi.
Mejlisiň başlygy Kalibaf: “Amerikan hökümeti, halkara güýç merkezlerine we şantažçylara gulluk etmek üçin öz halkynyň ygtyýaryna sarpa goýmaýan bolsa munyň netijelerini görer. Amerikan halky söweşe garşydygyny görkezdi we biz hem bu ýüzlenmä goldaw berýäris” diýdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp hem ýurdunda geçirlen araky saýlawda Respublikan partiýanyň ýeňilmeginiň sebäbiniň Eýran bilen dowam edýän söweş bilen arabaglanşykly bolup biljekdigini nygtady.
Prezident Tramp resmi bolmadyk araky saýlawlaryň netijeleri barada “Woll Street Žournal” gazetine beren beýannamasynda, partiýasynyň saýlawda ýeňilmeginiň sebäbiniň Eýrana garşy alnyp barylýan söweş bilen arabaglanşykly bolup bolmandygy hakyndaky soraga “Eýran hem munyň bir bölegi boldy” diýip jogap berdi.























