Türk resmiler bäş welaýaty öz içine alýan operasiýada Eýranyň aňtaw gulluklary üçin syýasy we harby içalylyk bilen meşgullanmakda aýyplanýan biri Eýranyň raýaty, bäşisi Türkiyäniň raýaty bolan jemi alty adamyň tussag edilendigini habar berdiler.
Operasiýa Stambulyň Baş prokuraturasy, Stambul Polisiýa gullugynyň terrorçylyga garşy göreş bölümi we Milli aňtaw gullugy (MIT) bilen hyzmatdaşlykda we utgaşyklylykda geçirildi.
Iş materiallaryna görä, derňewçiler şübhe astyndaky adamlaryň Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň düzümindäki aňtaw işgärleri bilen gönüden-göni aragatnaşykda bolandygyny anykladylar.
Resmiler bu toparyň Adanadaky strategik taýdan möhüm Injirlik howa bazasy, şeýle hem Türkiyäniň harby desgalary we Türkiyedäki we üçünji ýurtlardaky beýleki strategik ýerler barada gizlin maglumatlary ýygnandyklaryny aýtdylar. Güman edilýänler şeýle hem bu işlere logistika goldawyny bermekde aýyplanýarlar.
Resmiler bu toparyň üçünji ýurtlara garşy ulanmak üçin Türkiyäniň üsti bilen uçarmansyz howa ulaglaryny bikanun geçirendigini, Injirlik bilen bagly gözleg we gözegçilik işlerini geçirendigini we ýygnanan maglumatlary gönüden-göni Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň resmilerine berendigini aýtdylar.
Bu tussaglyklar Stambulda, Wanda, Samsunda, Ýalowada we Ankarada şol bir wagtyň özünde geçirilen reýdlerde amala aşyryldy.















