Ukrainanyň Döwlet Adatdan daşary ýagdaýlar gullugy Russiýanyň Ukrainanyň Kiýew we Harkow sebitlerine guran hüjümlerinde 3 adamyň ýogalandygyny we 11 adamyň ýaralanandygyny aýan etdi.
Gulluk sişenbe güni beren beýanatynda Russiýanyň harby güýçleriniň Kiýew welaýatynyň Obuhiw etrabyndaky önümçilik we ammar desgasyna hüjüm gurandygyny we netijede 3 adamyň ýogalandygyny, 6 adamyň bolsa ýaralanandygyny aýtdy.
MASLAHAT BERILÝÄR
Hüjümiň netijesinde dörän ýangyn söndürildi we gözleg-halas ediş toparlary harabalyklary arassalamak üçin işlerini dowam etdirýärler.
Gullugyň beren maglumatlaryna görä, Harkow welaýatynyň demirgazyk-gündogaryndaky Izýum şäherine garşy uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjümde 5 adam ýaralandy.






















