Krasnodaryň häkimi Weniamin Kondratýew çarşenbe güni beren beýannamasynda Ukrainanyň Russiýanyň günbatarynda ýerleşýän Noworossiýsk şäherine guran hüjüminde 1-i çaga 4 adamyň ýogalandygyny, 29 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.
Şäher häkimi Andrei Krawçenko çarşenbe güni ir ertir beren beýannamasynda dron hüjümi sebäpli bir bikanyň ýykylandygyny aýtdy.
Beýleki tarapdan Russiýanyň Goranmak ministrligi çarşenbe güni söweşiň bes edilmegi üçin diplomatik tagallalaryň dowam edýän günlerinde taraplaryň hüjümlerini dowam etdirendigini habar berdi.
Mesele hakynda berlen beýannamada rus howa goranyş ulgamlarynyň Ukraina degişli 596 drony urup düşürendigi nygtaldy.
Russiýanyň Moldowa serhedinde ýerleşýän Starokozaçe gözegçilik merkezine guran dron hüjüminde hem iki adam ýogaldy, 3 adam bolsa ýaralandy.
Hüjümler Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň geçiren teelfon söhbetdeşliginden birnäçe sagat soň guraldy.















