Pakistanda türgenleşik merkezine hüjüm guran 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Dera Ismail Han merkezine partlaýjy ýüklenen ulag bilen hüjüm guran terrorçylar polisler bilen çaknyşdy.
Pakistanyň howpsuzlyk güýçleri anna güni Haýber Pakhtunkha sebitinde polis tälim merkezine guralan hüjümden soň geçirlen operasiýada 5 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi.
Ýolbaşçylar hüjümden soň terrorçylara garşy giň gerimli operasiýanyň başladylandygyny habar berdi.
Mesele hakynda berlen beýannama görä, 5 sagat dowam eden operasiýada 3 polis gullukçysy ýogaldy, 6 gullukçy hem ýaralandy.
Içeri işler ministri Mohsin Nakwi mesele hakynda beren beýannamasynda hüjümde ýaralananlardan käbiriniň ýagdaýynyň agyrdygyny mälim etdi.
Ministr Nakwi hüjümde ýogalanlaryň sanynyň 7 adama ýetendigini belledi.
Terrorçylar partlaýjy ýüklenen ulag bilen Dera Ismail Han sebitindäki polis tälim merkezine girmäge çalyşdy.
Howpsyzlyk güýçleri terrorçylar bilen bolan çaknyşykda 5 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi.
Howpsuzlyk güýçlerini nyşana alan hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.