TÜRKIÝE
2 minut okamak
Türkiye Ysraýylyň 1915-nji ýyldaky wakalary ykrar etmek kararyny ýazgardy
Türkiye Ysraýylyň 1915-nji ýyldaky wakalary palestinalylara garşy jenaýatlaryny gizlemek üçin ulanmagyny ýazgardy
Türkiye Ysraýylyň 1915-nji ýyldaky wakalary ykrar etmek kararyny ýazgardy
Türkiye Ysraýylyň 1915-nji ýyldaky wakalary ykrar etmek kararyny ýazgardy

Türkiye Ysraýylyň 1915-nji ýyldaky wakalary palestinalylara garşy jenaýatlaryny gizlemek üçin ulanmagyny ýazgardy

Ankara bu hereket bilen Ysraýylyň palestinalylara garşy edýän jenaýatlardan ünsleri sowmagy maksat edinendigini we aslynda Netanýahu garşy edilýän basyşy görkezýändigini habar berdi.

Türkiye Ysraýylyň 1915-nji ýyldaky wakalary ykrar etmek kararyny ýazgaryp, muny palestinalylara garşy jenaýatlaryny gizlemek üçin edilýän syýasy hereket hökmünde häsiýetlendirdi.

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi ýekşenbe güni: “Dünýäniň gözüniň öňünde palestinanyň halkyna yzygiderli zulum edýän we Halkara Adalat kazyýetinde Gazanyň halkyna garşy genosid etmek sebäpli kayýet işi gozgalan Ysraýylyň hökümeti 1915-nji ýyldaky wakalar barada kabul eden syýasy karary bilen öz jenaýatlaryny gizlemegi maksat edinýär” diýip habar berdi.

Ministrlik bu kararyň hukuk we taryhy faktlary äsgermezlik edýändigini we Gazada palestinalylara garşy edilen jenaýatlar bilen baglanyşykly Halkara Jenaýat kazyýeti tarapyndan tussag etmek barada karar çykarylan Netanýahu we onuň hyzmatdaşlaryna basyş edilýändigini görkezýändigini aýtdy.

Türkiye "Ysraýylyň sebitdäki ekspansionist we durnuksyzlaşdyryjy syýasatyny" bes etmek üçin tagalla etmegini dowam etdirjekdigini we şeýle hem Netanýahunyň ýolbaşçylyk etmegindäki hökümetiniň " Palestinanyň halky başda bolmak bilen asuda ilata garşy edilen jenaýatlar" üçin jogapkärçilige çekilmeği üçin tagalla etjekdigini beýan etdi.

Iki tarapyň hem ejir çeken pajygaly waka

Türkiye 1915-nji ýyldaky wakalaryň "genosid" diýlip ykrar edilmegine garşy çykýar we olary iki tarapyň hem ýitgi çeken pajygasy hökmünde häsiýetlendirýär.

Ankara bu meseläni çözmek üçin Türkiyeden we Ermenistandan taryhçylardan, şeýle hem halkara bilermenlerinden ybarat bilelikdäki komissiýa döretmegi ençeme gezek teklip etdi.

2014-nji ýylda şol wagtky Premýer-ministr, häzirki Prezident Rejep Taýýip Erdogan 1915-nji ýyldaky wakalarda ýogalan ermenileriň nesillerine gynanç bildirdi.

Ysraýyl 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gazada takmynan 73000 palestinalyny öldürdi we 173000-den gowrak adamy ýaralady. Genosid sebitdäki raýat infrastrukturasynyň köp bölegini ýok etdi, şol bir wagtyň özünde ynsanperwerlik şertleri agyr bolmagynda galýar.

Halkara Jenaýat kazyýeti 2024-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Netanýahu we öňki Goranmak ministri Ýoaw Gallant üçin Gazada edilen uruş jenaýatlary we adamzada garşy jenaýatlar üçin tussag etmek barada karar kabul etdi.  

Ysraýyl Palestina garşy alyp barýan urşy sebäpli Halkara Adalat kazyýetinde genosid işi bilen hem ýüzbe-ýüz bolýar.