SYÝASAT
2 minut okamak
Ukraina bilen Wengriýanyň arasyndaky gatnaşyklar içaly krizisi sebäpli has-da dartgynlaşdy
Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň 2022-nji ýylda Ukraina hüjüm guran Russiýa goldaw bermegi, Kiýew bilen Budapeşdiň arasyndaky gatnaşyklara ýaramaz täsirini ýetiripdi.
Ukraina bilen Wengriýanyň arasyndaky gatnaşyklar içaly krizisi sebäpli has-da dartgynlaşdy
10 Maý 2025

Ukraina bilen Wengriýa, Kiýewiň Budapeştiň adyndan içalylyk edýändigi sebäpli iki adamy saklamagyndan soň iki taraply ýagdaýda iki diplomat ýurtdan çykaryldy.

Soňky ýyllarda Kiýew bilen Budapeşdiň arasyndaky gatnaşyklar has-da dartgynlaşdy. Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban 2022-nji ýylda Ukraina hüjüm eden Russiýa goldaw beripdi. Wengriýa Ukrainanyň ÝB-ne agzalyk etabyny hem bökdäpdi.

Ukrainanyň merkezi razwetka gullugy SBU anna güni Wengriýa serhedinde ýerleşýän Zakarpattiýa etrabynda howa goranyş ulgamlarynyň ýerleri bilen birlikde gizlin maglumat ýygnaýan wengiýaly iki içalyny saklandyklaryny mälim edipdi.

SBU tarapyndan berlen beýannamada, “Ukrainanyň taryhynda ilkinji gezek razwetka gullugy, döwletimize zeper ýetirmek maksady bilen içalylyk edýän wengiýaly iki adamyň ýerini anyklady we iki içaly saklandy” diýildi.

SBU sübheli 40 ýaşyndaky bir zenan bilen erkek adamyň ozalky harby işgärdigini we Wengriýanyň razwetka gullugy tarapyndan gönükdirilýändigini mälim etdi.

SBU tarapyndan berlen beýannamada, “Olar ömür boýy azatlykdan mahrum edilip bilner” diýildi.

Garalama kampaniýasy

Wengriýa, Ukrainanyň Budapeştdäki ilçihanasynda işleýän iki diplomady içalyk edýändigi sebäpli ýurtdan çykardy.

Wengriýanyň Daşary işler ministri Peter Siýýarto iki diplomadyň ýurtdan çykarlandygyny mälim etdi.

Ministr Siýýarto Ukrainanyň gozgan işi “soňky garalama kampaniýasy” hökmünde häsiýetlendirdi.

Ministr Siýýarto Fajebooktan beren wideo ýüzlenmesinde anti-Wengriýa propagandasynyň artandygyny nygtap, “Wengriýa we Ukrainadaky wenger halkyna garşy alnyp barylýan garalama kampaniýalaryna rugsat bermeris”diýdi.

Ukraina hem Wengriýaly iki diplomadyň ýurtdan çykarylmagy barada karar kabul etdi.

Ukrainanyň razwetka gullugy, içalylyk etmekde günäkärlenýän adamyň wengriýaly ofiserden nagt pul alandygyny we azyndan iki adamy maglumat beriji hökmünde işe almaga synanşandygyny öňe sürdi.

Soňky gezek 2001-nji ýylda geçirlen ilat sanawynda görä, Ukrainanyň Zakarpatiýa sebitinde 150 müňe golaý wenger ýaşaýar.

 

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Prezident Erdogan “Söweş tutuş sebiti gurşap almazdan bes edilmeli” diýdi
Prezident Erdogan, Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Russiýa Eýranyň Yspyhan şäherindäki konsullygyna zeper ýetirlendigini habar berdi
Prezident Erdogan türk howa giňişliginiň bozulmagy sebäpli Eýrana duýduryş berdi
Russiýa bilen Hytaý Eýranyň täze dini liderine goldaw berýär
Türkiýe DKTR-na 6 sany F-16 uçaryny ugratdy we howa goranyş ulgamlaryny ornaşdyrdy
Tramp: ABŞ-nyň Eýranyň deňiz flodyna we raketa atyş platformasyna uly zarba urandygyny aýtdy
Eýranyň lideri boýun egmejekdiklerini aýtdy we goňşy ýurtlardan ötünç sorady
Türkiýe Ýakyn Gündogardaky raýatlarynyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi üçin degişli çäreleri görýär
Prezident Erdogan Italiýanyň Premýer-ministri Meloni bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
BMG Ýakyn Gündogarda möwjeýän çaknyşyklar sebäpli “uly ynsanperwer betbagtçylyk” yglan etdi
Tramp Eýran söweşinde heniz gury ýer goşunyny ornaşdyrmak islemeýändigini nygtady
Saud Arabystany Şa Sultan howa bazasyny nyşana alan 3 ballistiki raketanyň öňüni aldy
ABŞ-nyň Söwda ministri Kongresiň Epşteýn derňewinde şaýatlyk etmäge razylyk berdi
“Eýran nähak we hukuksyz hüjüme sezewar bolýar”
Prezident Erdogan Eýranda asuda ilatyň ýogalmagyny ýazgardy
Katar: “Eýran hüjümleriniň jerimesini çekmeli” diýdi
Eýran Saud Arabystanynyň nebiti gaýtadan işleýän iň uly desgasyny nyşana aldy
Prezident Erdogan Saud Arabystanynyň lideri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Erdogan ÝB Komissiýasynyň başlygy bilen Eýrana guralýan hüjümler hakynda pikir alyşdy