TÜRKIÝE
1 minut okamak
Ýewropadaky guş dümewi sebäpli türk ýumurtgasyna bolan talap artdy
Polşadaky guş dümewi sebäpli Türkiýäniň ýumurtga eksporty artdy.
Ýewropadaky guş dümewi sebäpli türk ýumurtgasyna bolan talap artdy
Ýewropadaky guş dümewi sebäpli türk ýumurtgasyna bolan talap artdy

Egeý eksportçylar bileleşiginiň berýän maglumatyna görä, Türkiýe ýanwar-maý aýlaryny öz içine alýan döwürde 92 müň 494 tonna ýumurtga eksport edip, 240 million 79 müň dollarlyk girdeji gazandy.

Ady agzalýan döwürde Yraga 47 million 577 müň dollarlyk ýumurtga eksport edildi.

5 aýda Ýewropa ýurtlaryna edilen ýumurtga eksportundaky artyş ünsleri özüne çekdi.

Geçen ýylyň ýanwar-maý aýlaryny öz içine alýan döwürde İtaliýa 2 million 204 müň dollarlyk ýumurtga eksport edilipdi.

 Üstümizdäki ýylyň ilkinji 5 aýynda şol san 24 million 773 müň dollara çenli baryp ýetdi.

Geçen ýyl 5 aýda Italiýa 1,2 müň tonna ýumurtga eksport edilipdi, şol san üstümizdäki ýylyň ilkinji 5 aýynda 13,2 müň tonna ýetdi.

Ýewropadaky guş dümewi sebäpli ünsler Türkiýä gönükdi

Ýewropanyň iň uly ýumurtga öndürijilerinden biri bolan Polşadaky guş dümewi sebäpli ünsler Türkiýä gönükdi.

Polşa geçen ýylyň ilkinji 5 aýynda Türkiýeden 109 müň dollarlyk ýumurtga satyn alypdy, şol üstümizdäki ýylyň 5 aýlyk döwründe bolsa 19 million 681 müň dollara çenli baryp ýetdi.

Polşa ugradylan ýumurtganyň mukdary bolsa 15 tonnadan 11 müň tonna ýetdi.

Izmir Ýumurtga öndürijiler bileleşiginiň başlygy Neriman Dere Çatmadaş, Türkiýäniň ýylda 20 milliarda golaý ýumurtga öndürýändigini aýtdy.

Türkiýe ýumurtga önümçiliginde dünýäde 9-njy, Ýewropada bolsa 2-nji orny eýeleýär.