Kanada ABŞ-nyň Eýrana garşy harby hüjüm guramak ähtimallygynyň gün tertibinde esasy orun eýeleýän döwründe “sebitde dowam edýän dartgynlyk sebäpli” diplomatlaryny we maşgalalaryny Tel-Awiwden ewakuasiýa etmäge başlady.
Kanadanyň hökümeti anna güni beren beýannamasynda “Kanada Tel-Awiwdäki işgärlerimiziň we maşgalalarynyň wagtlaýyn başga ýere göçürilmegi barada karar aldy” diýildi.
Beýannamada Kanadanyň Ysraýyldaky ilçihanasynyň öz işini dowam etdirýändigi bellenildi.
Beýannamada şeýle hem “Hökümet Eýrandaky raýatlaryna howpsuzlyk sebäpli ýurdy terk etmeklerini maslahat berýär” diýildi.
Beýannamada käbir howa ýollarynyň uçar saparlaryny saklandygyna, emma gara ýoly arkaly ýurtdan çykmagynyn mümkindigine üns çekildi.
Kanadanyň hökümeti raýatlaryna “Howpsuz ýagdaýda gysga wagtda Eýrany terk ediň” diýip çagyryş etdi.
Kanadanyň hökümeti “Eýranda konsullyk hyzmadynyň berilmegi mümkinçiligimiz hem diýseň çäkli” diýip duýduryş berdi.
ABŞ soňky hepdelerde sebitdäki harby güýjüni artdyrdy we Eýranyň ýadro we raketa maksatnamasyndan ýüz öwürmegi üçin basyş etmek maksady bilen çäkli harby hüjümiň guralmagy meselesiniň gün tertibinde esasy orun eýeleýändigine ünsi çekdi.
Tähran Waşington bilen Ysraýyly häkimiýet çalşygy üçin bahana gözlemekde günäkärledi we çäklide de bolsa haýsydyr bir harby hüjüme degişli gaýtawulyň görkeziljekdigi barada duýduryş berdi.
Eýran ýadro maksatnamasynyň çäklendirilmegi meselesiniň sanksiýalaryň ortadan aýrylmagy meselesi bilen birlikde seljerilmegini isleýär.
Taraplar penşenbe güni Ženewada ýadro gepleşikleriniň üçünji tapgyryny geçirdi.
Ýadro diplomatiýasynyň geçen aý gaýtadan başlamagyndan soň taraplar Omanyň töwellaçylyk etmeginde ozal iki gezek aýlawly gepleşik geçiripdi.
Türkiýe bilen birlikde sebit ýurtlaryň dartgynlygyň gowşamagy üçin tagalla edýär.
















