Eýranyň lideri boýun egmejekdiklerini aýtdy we goňşy ýurtlardan ötünç sorady
Eýranyň wagtlaýyn liderlik geňeşi, goňşy ýurtlara guralýan hüjümleriň bes edilmegi we şol ýurtlardan hüjüm guralman halatynda raketa atylmazlygy meselesinde ylalaşyk gazandy.
Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan söweşiň ikinji hepdesinde Ysraýyla we ABŞ-na asla boýun egmejekdiklerini aýtdy.
Pezeşkiýan halka ýüzlenip eden çykyşynda, Eýranyň duşmanlarynyň eýranyň halkynyň şertsiz boýun egmegi baradaky hyýallarynyň puja çykjakdygyny nygtady.
Ysraýyl bilen ABŞ-nyň 28-nji fewralda Eýrana garşy başladan bilelikdäki hüjümi sebitara çaknyşyklaryň başlamagyna sebäp boldy.
Hüjümde Eýranyň dini lider Ali Hamaneý we ýokary çinli harbylar bilen birlikde müňe golaý adam ýogaldy.
Eýran bolsa şol günden bäri Ysraýyla we ABŞ-nyň sebitdäki harby merkezlerine ýer eýeçiligini edýän esasan Aýlag ýurlaryndaky harby bazalara dron we raketa hüjümlerini guraýar.
Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan, Hamaneýiň öldürilmeginden soň Eýrany wagtlaýyn dolandyrýan 3 agzaly wagtlaýyn liderlik geňeşiniň agzalaryndan biri.
Pezeşkiýan çykyşynda Eýranyň sebit ýurtlaryna guraýan hüjümleri sebäpli goňşy ýurtlardan ötünç sorady we mundan soň şol ýurtlardan hüjüm guralman halatynda nyşana alynmajakdyklaryny aýtdy.
Pezeşkiýan Eýranyň adyndan we öz adyndan hüjüme sezewar bolan goňşy ýurtlardan ötün soraýandygyny nygtady.
Wagtlaýyn liderlik geňeşiniň bir gün öň goňşy ýurtlara täze hüjümiň guralmazlygy we şol ýurtlardan Eýrana garşy hüjüm guralman halatynda nyşana alynmazlygy meselesinde ylalaşyk gazanandygy bellenildi.