TÜRKIÝE
1 minut okamak
Stambulyň golaýynda iki söwda gämisi kakyşdy
Mermer deňzinde başga bir gämi bilen kakyşmagyndan soň Türkiýäniň baýdagyny göterýän “Tugberk Ymamoglu” atly ýük gämisi bilen aragatnaşyk kesildi.
Stambulyň golaýynda iki söwda gämisi kakyşdy
Stambulyň golaýynda iki söwda gämisi kakyşdy / AA

Welaýat häkimligi Mermer deňzinde Siliwriniň golaýynda iki söwda gämisiniň kakyşandygyny, 10 ekipažyň ýitendigini habar berdi.

Welaýat häkimliginden berlen beýannama görä, Kojaelinden Aliaga tarap barýan Türkiýäniň baýdagyny göterýän “Alsu” atly söwda gämisi bilen Iskenderun portundan Ereglä tarap ugran Türkiýäniň baýdagyny göterýän “Tugberk Ymamoglu” atly söwda gämisi çarşenbe güni ir ertir 03.00-da, halkara wagt boýunçda 00.00-da Siliwriniň golaýynda kakyşdy.

Siliwriniň günortasynda 18 deňiz milli alysda bolan heläkçilikden soň sebite gözleg we halas ediş toparlary ugradyldy.

Ilkinji kesgitlemelere görä heläkçiligiň “Alsu” atly gämä uly zeper ýetirmändigi, emma “Tugberk Ymamoglu” atly söwda gämisiniň 10 ekipažy bilen aragatnaşygyň kesilendigi habar berildi.