SYÝASAT
2 minut okamak
Kanadanyň Daşary işler ministri Türkiýede saparda bolar
Kanadanyň Daşary işler ministri Anita Anand, Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşmak üçin Ankara geler.
Kanadanyň Daşary işler ministri Türkiýede saparda bolar
Kanadanyň Daşary işler ministri Türkiýede saparda bolar / AA

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi, Kanadanyň Daşary işler ministri Anita Anandyň sişenbe güni Ankarada saparda boljakdygyny we Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşjakdygyny habar berdi.

Ministr Hakan Fidanyň duşuşykda, NATO agza Türkiýe bilen Kanadanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ähmiýetine ünsi çekmegine garaşylýar.

Hakan Fidanyň 2,7 milliard dollara barabar bolan özara söwda mukdarynyň artdyrylmagyna ünsi çekmegine garaşylýar.

Daşary işler ministri Fidanyň HÜRKUŞ mysalynda bolşy ýaly goranyş senagaty boýunça edilýän hyzmatdaşlygyň ýokarlandyrylmagyna, harby hem-de söwda gatnaşyklarynyň güýçlendirilmegine aýratyn ünsi çekjekdigi bellenildi.

Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan howpsuzlyk we terrora garşy alnyp barylýan göreş meselesi barada durup geçer.

Hakan Fidanyň Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän soňky wakalary we Eýran söweşiniň halkara bazarlara ýetirýän ýaramaz täsirini hem gün tertibine getirmegine garaşylýar.

Fidan bilen Anandyň sebitara meseleler, esasan Gazada başdan geçirilýän soňky wakalar, Palestin meselesi, Russiýa-Ukraina söweşi we Siriýadaky wakalar hakynda hem pikir alyşmagyna garaşylýar.

Fidan bilen Anand soňky gezek 2025-nji ýylyň 3-nji dekabrynda NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň çäginde duşuşypdy we 4-nji martda hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçiripdi.

Özara gatnaşyklar

Türkiýe bilen Kanadanyň arasyndaky özara gatnaşyklar soňky döwürde gün saýyn ösýär we guralýan ýokary derejeli saparlaryň sany artýar.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan 2025-nji ýylda Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karneý bilen Nýu-Ýorkda we Ýohannesburg şäherinde duşuşdy.

Daşary işler ministri hakan Fidan hem 2023-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Kanadada saparda boldy.

Türkiýe-Kanada terrora garşy göreş maslahaty 2025-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Ankarada geçirildi.

Türkiýe-Kanada Söwda komitetiniň ikinji maslahaty üstümizdäki ýylyň 20-njy ýanwarynda Ottawada geçirildi.

2025-nji ýylda özara söwda mukdary 2,7 milliard dollara barabar boldy.

Türkiýäniň eksporty 1,57 milliard dollara, importy bolsa 1,16 milliard dollara barabar boldy.

Kanadanyň Türkiýedäki maýa goýumlary 608 million dollara, Türkiýäniň Kanadadaky maýa goýumlary bolsa 253 million dollara golaý.

Kanadada ýaşaýan türk raýatlarynyň sany 65 müňe golaýlady.

 

 

Öwren
Prezident Erdogan Wladimir Putin bilen duşuşdy
“Türkiýe dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla edýär"
Ministrler Fidan bilen Güler, Pakistanyň Daşary işler ministri Dar bilen Bişkege gidýär
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Liderler sammiti Bişkekde öz işine başlady
Prezident Erdogan Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew bilen duşuşdy
Prezident Erdogan Bişkege bardy
Tramp “Men ABŞ-nyň Prezidenti bolmadyk bolsadym Ysraýyl ýok bolardy”
Eýran Ormuz bogazynda ABŞ-na degişli MQ-9 kysymly drony urup düşürendigini habar berdi
Ukraina Samara sebitindäki senagat desgasyna we Ozon onlaýn söwda ammaryna hüjüm gurady
Eýranyň Baş ştabynyň başlygy: “Duşmanyň täze howplaryna degişli gaýtawuly görkezeris”
BMG-nyň Baş sekretary Russiýanyň Ukraina guran hüjümlerini berk ýazgardy
Daşary işler ministri Hakan Fidan kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Ysraýyl 2 ýyl soň ahyry 5 ýaşyndaky Hind Ražaby öldürendigini boýun aldy
Prezident Erdogan Ýaponiýanyň Premýer-ministri Takaiçi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
“ABŞ-nyň Eýrana guraýan hüjümlerine goldaw bermäň”
Eýran: “Ysraýyl ABŞ bilen gazanylan ylalaşygyň durmuşa geçirilmegini bökdeýär”
Ýaponiýa: “ABŞ bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk diýseň möhüm”
Prezident Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Tramp, ABŞ-Eýran gepleşiklerini bökdän halatynda Omany bombalamak bilen hemle atdy
Tramp: “Esasy maksadymyz Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň öňüni almak”