DÜNÝÄ
2 minut okamak
Mýanmadaky ýer titremede metjitler ýumruldy
Mýanmanyň resmileri musulmanlaryň metjitler gurmaklaryna we bar bolan metjitleriň abatlanmagy üçin rugsat berilmegini eýýäm onlarça ýyl bäri kynlaşdyrýardy
Mýanmadaky ýer titremede metjitler ýumruldy
Aftermath of strong earthquake, in Mandalay / Reuters
30 Mart 2025

Anna güni Mýanmanyň orta zolagynda başdan geçirilen güýçli ýer titremede, Htet Min Oo Remezan namazyndan ozal Mandalaý sebitindäki öýüniň golaýynda täret alýardy.

Öýi we metjidiň bir bölegi ýer titremede çökdi, özi bolsa harabalyklaryň aşagynda galdy we diwaryň bölekleri iki daýzasynyň üstüne gaçdy. Mähelläniň ýaşaýjylary olary çykarmaga synanyşdy, emma diňe birini çykaryp bildirler.

Htet Min Oo 25 ýaşynda, iki agasynyň we enesiniň hem harabalyklaryň aşagynda galandygyny habar berdi. Agyr enjamlar bolman soň, elleri bilen gazmaga synanyşdylar, emma edenleri şowsuz boldy.

Ol: “Olaryň diri bolup-bolmandygyny bilmeýärin. Munça wagt geçdi, emma mundan soň umyt ýok diýip pikir edýärin. Örän uly weýrançylyk bar we hiç biri bize gelip ýetmedi” diýdi. Onuň sesi titredi we aglady. Mukaddes Oraza aýynda Juma namazy üçin metjitlere ýygnanan ýüzlerçe musulman raýatyň hem ýer titremede ýogalan bolup biljekdikleri aýdylýar.   

Yzda galanlar

Mandalaý sebitinde 39 ýaşyndaky bir adam, Sule Kone obasynda ýumrulan binanyň harabalyklarynyň aşagynda galan bir adamy halas etmäge synanyşan mahaly bolan ýer titreme sebäpli gaçmaga mejbur galandygyny beýan etdi.  

Adynyň aýan edilmegini islemeýän adam: “Ony ol ýerde goýmaga mejbur galdym. Ikinji gezek içine girdim we ony halas etmäge synanyşdym. Öz ellerim bilen 4 adamy harabalyklaryň aşagyndan çykardym. Emma gynansagam şol adamlaryň 3-si şonsuz hem ölüpdir, 1-i bolsa elimde ýogaldy” diýdi.  

Ol ady agzalan obada 3 aýry metjidiň ýumrulmagy netijesinde 23 adamyň ýogalandygyny we diňe öz etrapçasynda 10 adamyň ýogalandygyny habar berdi. Döwlet tarapyndan girizilen çäklendirmeleriň netijesinde metjitleriň berkidilmegine rugsat berilmändigini beýan etdi.

Mýanmada musulmanlara garşy basyşlar

Esasy ilaty buddist bolan Mýanmada musulmanlar eýýäm ençeme wagt bäri çetleşdirilýär, aşa milletçi toparlaryň we radikal monahlar tarapyndan zorluklara sezewar galýarlar.

Mýanmanyň resmileri musulmanlaryň täze metjitleri gurmagyna we bar bolan metjitleriň abatlanmagyna päsgel berýärdi. ABŞ-nyň döwlet departamentiniň 2017-nji ýylda taýýarlan habarnamasyna görä gadymy metjitler ençeme ýyl bäri abatlanmaklaryna rugsat berilmändigi üçin erbet ýagdaýda.

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Pakistanyň Kabuldaky dikeldiş merkezine guran hüjüminde azyndan 400 adam ýogaldy
Eýran Aýlag ýurtlaryndaky goňşularyna zarba urmaga dowam edýär
Ysraýyl Liwandaky ähtimal gury ýer operasiýasy üçin ätiýaçdaky 450 müň esgerini çagyryp biler
Ukraina Russiýanyň nebit ammaryna dron hüjümini gurady
Eýranyň Ynkylap goragçylary goşuny ABŞ-na degişli üç harby bazany nyşana alandygyny mälim etdi
Eýran Ysraýylyň Tährandaky ýangyç ammarlaryna guran hüjümine berk garşylyk görkezdi
Russiýanyň Ukrainadaky hüjümlerinde alty adam ýogaldy, onlarça adam ýaralandy
Basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriýada ysraýylly gelmişekler palestinalylara hüjüm etdiler
ABŞ Eýranyň Harg Adasyna bombaly hüjüm gurady
Ysraýyl Gazada 3 palestinlini öldürdi
Erbilde guralan dron hüjüminde bir adam öldi, ýedi fransuz esgeri ýaralandy
Pakistan Kabula we Owganystanyň serhetýaka welaýatlaryna täze howa hüjümlerini amala aşyrdy
ABŞ-nyň harby uçary Yragyň günbatarynda ýere gaçdy
Netanýahu Eýranyň täze beýik ruhy liderine haýbat atdy
Eýran mekdebe guralan hüjümi bagyşlap bolmajak harby jenaýaty hökmünde häsýetlendirdi
Russiýa Brýansk hüjüminden soň Ukrainany we Britaniýany "terrorçylykly hüjüm" guramak bilen aýyplady
Ýakyn Gündogardaky söweş sebäpli nebitiň barrel bahasy 100 dollardan geçdi
Ysraýyl söweşiň başyndan bäri 3 müň 400 nyşana 6 müňden gowrak howa hüjümini gurady
Kreml: Russiýa-Ukraina-ABŞ gepleşikleri Stambulda geçirlip biler
Ysraýylyň Liwana guran howa hüjümlerinde azyndan 16 adam ýogaldy