Ysraýyl Günbatar Şeriada 100 palestinlini saklady

Gazadaky genosidini dowam etdirýän Ysraýyl Günbatar Şeriada geçirýän reýdleriniň depginini güýçlendirdi.

By
Ysraýyl Günbatar Şeriada 100 palestinlini saklady / AA

“Anadoly habarlar” gullugyna beýannama beren şaýatlara görä, Ysraýylyn howpsuzlyk güýçleri Günbatar Şerianyň demirgazygynda geçiren reýdinde 100 palestinlini saklady. Waka soňky aýlaradaky iň uly tussag edilşiklerden biri boldy.

Ysraýylly esgerler çarşenbe güni Nablus, Salfit, Eriha bilen Jenin, Tulkarim we Kalkilýada birnäçe etrapçada we Gündogar Iýerusalimde iki etrapçada reýd geçirdi.

“Anadoly habarlar” gullugynyň berýän habaryna görä, Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri Nablusda 50, Salfitde 15, Eriahda 13 we basyp alyşlyk astyndaky Gündogar Iýerusalimde hem 20 adamy saklady. Saklananlaryň bir bölegi düşündirişi alynandan soň boşadyldy.

Jeninde saklananlaryň arasynda 2006-2007-nji ýyllaryň aralygynda Palestiniň Wise-premýeri we Bilim ministri wezipesini ýerine ýetiren Nasyr Al Şair hem bar. Birnäçe sagat göz tussaglygynda bolan Al Şairiň boşadylandygy bellenildi.

Gaza söweşini dowam etdirýän Ysraýyl Günbatar Şeriada geçirýän reýdleriniň depginini güýçlendirdi.

2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Günbatar Şeriada Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri we bikanun ýaşaýjylar tarapyndan guralan hüjümlerde azyndan 1092 palestinli öldürildi, 11 müň adam ýaralandy. 21 müňden gowrak adam hem tussag edildi.