DÜNÝÄ
2 minut okamak
Hitrou howa menzilindäki uçar saparlary elektrik desgasyndaky ýangyndan soň ýaňadandan başlady
Britaniýadaky Hitrou howa menzilindäki uçar saparlary elektrik desgasyndaky ýangyndan soň ýaňadandan başlady
00:00
Hitrou howa menzilindäki uçar saparlary elektrik desgasyndaky ýangyndan soň ýaňadandan başlady
Beýik Britaniýa / TRT Global

Polisiýa gullugy deslapky barlaglardan soň, elektrik desgasyndaky wakany şübheli hasaplamaýandyklaryny, emma derňewleriň dowam edýändigini habar berdi.

Londondaky Hitrou howa menzili elektrik desgasynda ýüze çykan ýangyndan soň, şenbe güni doly ýagdaýda ýaňadandan hyzmat bermäge başlady. Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzilleriniň biri bolan Hitrou howa menziliniň ýapylmagy global syýahata uly derejede zeper ýetirdi.

Awiasiýa pudagy howa menzilini elektrik tok bilen üpjün edýän elektrik tok desgasynda ýüze çykan uly ýangyndan soň ýolagçylary ugrukdyrmak we uçuş meýilnamalaryny ýaňadandan düzgünleşdirmek üçin işe girişdi.

Anna güni agşam käbir uçar saparlary ýaňadandan başlapdy, emma dünýäniň iň işjeň 5-nji howa menziliniň biri bolan bu howa menziliniň uly böleginiň ýapyk bolmagy sebäpli, on müňlerçe ýolagçy myhmanhanalarda ýer gözlemäge ýa-da goşmaça uçar saparlayryny gözlemäge mejbur galypdylar. Howa ýollary kärhanalary uçarlaryny we ekipažyny ýerlerine gaýdyp getirmek üçin uly tagalla etdiler, ol bolsa logistika krizisine sebäp döretdi.

Londondaky Hitrou howa menziliniň metbugat geňeşçisi beren beýanatynda, bökdençlikleriň ýaramaz täsir ýetiren ýolagçylara kömek bermek üçin toparlaryň iş alyp barýandygyny aýtdy

Metbugat geňeşçisi: "Biz terminallarymyza ýüzlerçe goşmaça işgärleri goşduk we goşmaça 10000 ýolagçynyň howa menzilinden geçmegini üpjün etmek üçin şu günki uçuş tertibine goşmaça uçuşlary goşduk" diýip belledi.

Jogapkärçilik çekeleşigi

Awiasiýa pudagy, millionlarça funt sterling çykdaja sebäp bolan bökdençlikden soň şeýle möhüm infrastrukturanyň ätiýaçlyk ulgamy bolmazdan näme üçin işleýändigini gün tertibe getirdi.

IATA-nyň başlygy we British Airways howa ýollary kärhanasynyň ozalky ýerine ýetirjiler geňeşiniň başlygy Willi Uolş: “Ol howa menziliniň aça-açan bir meýilleşdiriş ýalňyşlygydyr” diýdi.

Howa menzili anna güni 1351 uçar saparyny amala aşyrmagy we takmynan 291 000 ýolagça hyzmat bermegi meýilleşdirýärdi. Emma uçarlar Beýik Britaniýanyň we Ýewropanyň beýleki howa menzillerine gönükdirildi, ençeme uzak aralykly uçarlar başlangyç nokatlaryna yzyna dolanyp gelmäge mejbur galypdylar.

Ýangyndan soň başladylan derňew işi dowam edýär

Polisiýa gullugy deslapky derňewleriň netijesinde şübheli bir ýagdaýyň bolmandygyny, emma derňew işiniň dowam edýändigini mälim etdi. Londonyň Ýangyn söndüriji gullugy bolsa derňewlerde elektrik paýlaýyş enjamlaryna ünsleriň jemlenjekdigini aýtdy.

Soňky ýyllarda Hitrou we Londondaky beýleki uly howa menzilleri awtomatlaşdyrylan gapy ulgamlaryndaky näsazlyklar we howa hereketini dolandyrmak ulgamlaryndaky çöküşler bilen birlikde biri-birinden tapawutly tehniki bökdençliklere sezewar galypdy. Soňky gezek bolsa 2023-nji ýylda başdan geçirilen bu wakalar, awiasiýa pudagynda uly bökdençliklere sebäp bolupdy.

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Demirgazyk Koreýa iki görnüşli strategik kruiz raketalaryny synagdan geçirdi
Russiýa: "Ukrainanyň Kiýew we Harkow sebitlerindäki energetika infrastrukturasyna hüjüm guraduk”
ABŞ-nyň prezidenti Tramp: "Biz Eýrana gününi görkezeris" diýdi
Ysraýyllylar Günbatar Şeriada bir metjidi we ulagy ýakdylar
Eýran: "Oman bilen Ormuz bogazy barada zerur ylalaşyga geldik" diýdi
Paşinýan: Azerbaýjan bilen parahatçylyk Ermenistanyň dowamlylygynyň esasyny emele getirer
Pakistanda ýolagçy otlusynyň relsden çykmagy netijesinde bäş adam ýogaldy
ABŞ-nyň prezidenti Tramp Hytaýyň we Russiýanyň Eýrana kömek edýändigine ynanmaýandygyny aýtdy
Yrakda terror guramasy DEAŞ-a degişli pozisiýa hatardan çykaryldy
Saud Arabystanynda Şa Halid howa menziline guralan hüjümde 1 adam ýogaldy
Türkiýe, Müsür, Pakistan we Saud Arabystany bilelikdäki beýanatda Husileriň hüjümlerini ýazgardylar
Zelenskiý Russiýanyň ylalaşygy kabul eden halatynda, Ukrainada saýlawlaryň geçiriljekdigini aýtdy
Riýad howa menzilinde guralan hüjümde 12 adam ýogaldy, 309 adam ýaralandy
ABŞ-da guralan ýaragly hüjümde dokuz adam ýogaldy
Kreml: Putin Eýranyň çaknyşygy çözmek bilen bagly beren teklibini Trampa ýetirdi
Russiýa Odessa portuna harby ýükleri alyp barýan ýük gämisine hüjüm gurandygyny habar berdi
Panamada ýer titremesinden soň uly betbagtçylyk yglan edildi
Nobeliň Parahatçylyk baýragy halkara hukugy boýunca işleri üçin Nawi Pillaýa berildi
Ukraina BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gyssagly maslahatyny çagyrdy
Meksikada tussaghanada bolan gozgalaňda 10 adam öldi, 16 adam ýaralandy