DÜNÝÄ
2 minut okamak
Zelenskiý Krym köprüsine guralan hüjümden soň ýurduň goşunyna üýtgeşmeler girizdi
Bu göçüm, Ukrainanyň Russiýany Krym ýarymadasy bilen birleşdirýän Kerç köprüsine zeper ýetendigini öňe sürmeginden soň geldi.
Zelenskiý Krym köprüsine guralan hüjümden soň ýurduň goşunyna üýtgeşmeler girizdi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý ýurduň goşunynda uly üýtgeşmeleri tassyklaýan birnäçe permana gol çekdi.

Ukrainanyň Prezident diwanynyň internet sahypasynda sişenbe güni çap edilen permanda, Mihail Drapattiniň ýurduň Birleşen Güýçleriniň serkerdesi wezipesine bellenendigi we onuň Gury ýer güýçleriniň serkerdesi wezipesinden çekilendigi tassyklanyldy.

Ýekşenbe güni Mihail Drapatti Kiýewiň ýurduň Dnepropetrowsk sebitindäki tälim merkezini nyşana alan rus raketaly hüjüminde 12 esgeriň ýogalandygyny we 60-dan gowrak esgeriň ýaralanandygyny aýan etmeginden soň, wezipesinden çekilmek barada arzasyny beripdi.

Zelenskiý tarapyndan gol çekilen başga bir permana laýyklykda, Robert Browdi Uçarmansyz howa ulaglary ulgamlary güýçleriniň täze serkerdesi wezipesine bellenildi. Ol geçen ýylyň iýun aýynda bu wezipä ilkinji gezek bellenen Wadym Sukharewskiýniň ornuny tutdy.

Zelenskiý şeýle hem Igor Skibiukini Harby-howa hüjüm güýçleriniň serkerdesi wezipesinden boşadyp, onuň ornuna geçen ýylyň noýabr aýynda Ukrainanyň Ýaragly Güýçleriniň baş serkerdesiniň orunbasary wezipesine bellenen Oleg Apostoly belledi.

Ukrainanyň prezidenti şeýle hem Oleksandr Bilousy Ukrainanyň Milli gwardiýasynyň serkerdebaşysynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Bu permana bilen baglanyşykly işden boşatmalaryň sebäpleri barada maglumat berilmedi.

Düýn agşam wideo ýüzlenme beren Zelenskiý, ýurduň harby ýolbaşçylary bilen jikme-jik maslahat geçirendigini we maslahata gatnaşan Mihail Drapattiniň “Fronta dolulygyna ünsüni gönükdirmek üçin” ýurduň Birleşen Güýçleriniň serkerdesi wezipesine bellenendigini beýan etdi.

Krymda köprüniň partlamagy

Bu göçüm, Ukrainanyň Russiýany Krym ýarymadasy bilen birleşdirýän Kerç köprüsine zeper ýetendigini öňe sürmeginden soň geldi.

Ukrainanyň Howpsuzlyk Gullugy köprüni zeper ýetiren suwasty operasiýany amala aşyrandygyny aýtdy.

Telegramdan berlen beýanatda howpsuzlyk gullugy bu suwasty operasiýanyň birnäçe aýlap taýýarlanylandygy habar berildi.

Beýanatda: “Howpsuzlyk gullugynyň içalylary bu bikanun desga partlaýjy serişdeleri ýerleşdirdi. Şu gün bolsa, hiç bir asuda ilata zyýan ýetirmän, ir sagat 04:44-de ilkinji partlaýjy enjam partladyldy” diýip mälim edildi.

Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugy köpriniň sütünleriniň aşaky bölegine uly zeper ýetendigini we 1100 kg TNT ekwiwalentindäki partlaýjy serişdeleriň ulanylandygyny aýtdy.

Köpriniň abatlanylyp bilinmejekdigi öňe sürüldi.

Howpsuzlyk gullugynyň başlygy general-leýtenant Wasyl Malyş operasiýanyň meýilleşdirilmegine şahsy gözegçilik edendigini we ony utgaşdyrandygyny aýtdy.

Öwren
Liwanyň günortasynda bolan partlamada ysraýylly iki esger ýogaldy
Italiýada şu tomus aýlarynda 70 müň gektar ýer ýangyn sebäpli ýok boldy
Zelenskiý: Howa goranyş üçin üpjün edilen raketalar 2025-nji ýyl bilen deňeşdirilende 3 esse azaldy
Russiýanyň Twer welaýatyndaky Wildberries ammaryna UHU hüjüminde ýene-de zeper ýetdi
Ýekaterinburgyň golaýynda bolan partlamada rus dron öndüriji kärhanasynyň başlygy agyr ýaralandy
Russiýa Ukrainanyň Kiýew şäherindäki ulag, logistika we öpjünçilik merkezlerine hüjüm gurady
Russiýa: "NATO we ÝB halkara terroryň bir bölegine öwrüldi" diýdi
Filippinlerde 6,3 bal ululygynda ýer titremesi boldy
Gresiýanyň Attika sebitinde 2018-2026-njy ýyllaryň aralygynda 480 müň gekdarlyk ýer ýandy
Ermenistanyň Prezidenti Haçaturýan, Paşinýanyň Ministrler kabinetiniň täze düzümini tassyklady
Pezeşkiýan: Biz territorial bitewiligimizi gorarys, ýöne urşuň giňelmeginiň tarapdary däldiris
ABŞ-nyň demirgazyk günbatarynda ýangynlar sebäpli 65 müň adam öýlerini terk etdi
Moskwada guralan hüjümlerde bäş adam ýogaldy
Wenesuelada bolan ýer titremelerinde ýogalanlaryň sany 6125 adama ýetdi
Müsürde ýer titredi
Ysraýylyň Goranmak ministri Eýrana hemle atdy
Russiýa: Ukraina degişli portlar bilen Gara deňizde harby enjam daşaýan ýük gämisini nyşana aldyk
Ýaponiýanyň günorta günbatarynda ýer titremesi sebäpli ýogalanlaryň sany 38 adama ýetdi
Peruda syýahatçylary daşaýan uçar heläkçilige uçrady
Moskwada kafeniň golaýynda bolan partlamada 3 adam ýogaldy, 15 adam ýaralandy