DÜNÝÄ
2 minut okamak
Zelenskiý Russiýany urşy uzaltmaga synanyşmakda aýyplady we howpsuzlyk kepilliklerini talap etdi
ABŞ-nyň we Russiýanyň toparlary mümkin bolan parahatçylyk çarçuwasy boýunça täze gepleşikleri meýilleşdirýän mahaly, Ukrainanyň prezidenti Moskwanyň urşuň möhletini ýene bir ýyl uzaltmaga taýýarlanýandygyny aýtdy.
Zelenskiý Russiýany urşy uzaltmaga synanyşmakda aýyplady we howpsuzlyk kepilliklerini talap etdi
Wladimir Zelenskiý
Duş 7 Ýek

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý Russiýany Ukrainadaky urşy dowam etdirmäge synanyşmakda aýyplady we Kiýew üçin berk howpsuzlyk kepillikleriniň zerurdygyny beýan etdi.

Zelenskiý Telegramda ýaýlyma berlen wideo ýüzlenmesinde: “Şu gün biz Moskwadan indiki ýyl urşy dowam etdirmäge taýýarlanýandygy barada ýene-de duýduryşlar eşitdik” diýip, şeýle duýduryşlaryň Russiýanyň çaknyşygy bes etmek isleýändigi baradaky beýanatlaryna ters gelýändigini habar berdi.

Zelenskiý: “Russiýadan gelýän ritorika we duýduryşlar munuň tersini görkezýär we bu olaryň harbylaryna berlen resmi buýruklar görnüşinde bolýar” diýip, bu düşünjäniň diplomatiýa zeper ýetirjekdigini mälim etdi.

Zelenskiý Russiýa garşy "hakyky goragyň" zerurdygyny nygtady we Ukrainanyň howpsuzlyk, maliýe we syýasy çäreler, şol sanda Russiýanyň aktiwleri bilen baglanyşykly çäreler boýunça hyzmatdaşlary bilen işleşmegini dowam etdirjekdigini aýtdy.

Zelenskiý penşenbe güni geçirilmegi meýilleşdirilen ÝB sammitinde aýdyljak ýüzlenmeleriň Moskwa üç ýarym ýyldan gowrak dowam eden urşuň indiki ýyl dowam etmeginiň "manysyzdygyny" görkezmelidigini, sebäbi Ukraina goldaw beriljekdigini görkezmeginiň zeurdygyny beýan etdi. Zelenskiý: "Bu doly Ýewropa bagly; Ýewropa bu saýlawy etmeli" diýdi we ukrain resmileriniň parahatçylygyň we howpsuzlygyň kepillikleri barada şu hepde ABŞ-nyň wekiliýeti bilen gepleşikleri dowam etdirjekdigini aýtdy.

Gepleşikler ýakynlaşýarka hüjümler dowam edýär

“Politico” habaryna görä, Zelenskiniň bu sözleri ABŞ-nyň we Russiýanyň wekilleriniň şu hepdäniň ahyrynda Maýamide mümkin bolan parahatçylyk çarçuwasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşmagyna garaşylýan wagta gabat geldi.

Russiýanyň wekiliýetiniň düzüminde prezident Wladimir Putiniň ýörite wekili, ozal gepleşiklere gatnaşan Kirill Dmitriýewiň hem bolmagyna garaşylýar.

Beýleki tarapdan bolsa ýerli resmileriň maglumatlaryna görä, çarşenbe güni Russiýanyň hüjümleri dowam etdi; günortadaky Zaporožýe şäherine we onuň töweregindäki etraplara guralan howa hüjümlerinde azyndan 32 adam ýaralandy.

Resmiler ýaşaýyş jaýlaryna we bilim edarasyna guralan hüjümlerde ýaralananlaryň arasynda bäş çaganyň bardygyny aýtdylar.

Bu hüjümler ABŞ-nyň Ukrainany söweşleri bes etmäge gönükdirilen parahatçylyk şertlerini kabul etmäge basyş edýän döwründe boldy. Bu teklipler Kremli amatly ýagdaýa goýýandygy üçin tankyt edildi.