DÜNÝÄ
2 minut okamak
ABŞ Ýaponiýany Hytaý deňagramlylygy üçin möhüm hyzmatdaş hökmünde görýär
Pentagonyň başlygy Hytaýyň Hindi-Ýuwaş ummanyndaky agressiw çemeleşmesine garşy ABŞ-Ýaponiýa bileleşigini güýçlendirmek üçin Tokio sapar gurady.
ABŞ Ýaponiýany Hytaý deňagramlylygy üçin möhüm hyzmatdaş hökmünde görýär
China's military pressure is a major regional concern for the US and Japan. [Photo: AP] / AP

ABŞ-nyň Goranmak ministr Pit Hegset Ýaponiýanyň Hytaýyň agressiw hereketlerine garşy Waşingtonyň sebitde, esasan hem Taýwan bogazynda “ynandyryjy” eýmendirme emele getirmegine kömek etmek babatynda möhüm rol oýnaýandygyny beýan etdi.

Tokioda Ýaponiýanyň Goranmak ministri Gen Nakatani bilen duşuşyk geçiren Pit Hegset: “Biz güýçlerimizi kesgitleýän söweşiji ruhy paýlaşýarys” diýip belledi.

Pentagon Ýaponiýany Hindi-Ýuwaş Umman sebitinde parahatçylygyň we howpsuzlygyň esasy daýanjy hökmünde häsýetlendirip, Prezident Donald Trampyň ýolbaşçylyk etmegindäki hökümediň hem ozalky hökümetler ýaly Aziýadaky bu möhüm ýarany bilen ýakyndan iş salyşmaga dowam etjekdigini habar berdi.

Ýaponiýada takmynan 50000 amerikan esgeri, harby uçar floty we Waşingtonyň uçargöter gämi topary bar. Ýaponiýanyň adalary Hytaýyň harby güýjüni çäklendirmekde strategik taýdan möhüm ýerde ýerleşýär.

ABŞ-nyň Goranmak ministr Pit Hegsetiň Ýaponiýa bilen bagly öwgüli sözleri, fewral aýynda Ýewropadaky ýaranlaryna garşy aýdan tankydy bellikleri bilen tapawutlanýar. Şonda ol Ýewropa ýurtlaryna ABŞ-nyň ol ýerde hemişelik galjakdygyna garaşmaly däldigini duýdurypdy.

Şenbe güni ol Iwo Jima adasynda, Ikinji Jahan urşy döwründe ABŞ bilen Ýaponiýanyň güýçleriniň arasynda gazaply söweşleriň bolan ýerinde geçirlen hatyralama çäresine gatnaşypdy.

“Agressiw” Hytaý

Pit Hegset mundan başgada ABŞ-nyň Taýwan bogazy bilen birlikde Hindi-Ýuwaş umman sebitinde güýçli, taýýarlykly we ynandyryjy eýmendirmesini dowam etdirjekdigini belläp, Hytaýy agressiw we kynlaşdyryjy hökmünde häsýetlendirdi.

Ol: "Amerika Hindi-Ýuwaş umman sebitinde, şol sanda Taýwan bogazy boýunça berk, taýýar we ynandyryjy goragy saklamaga borçlanýar" diýip nygtapdy.

Pekin soňky ýyllarda Taýwanyň töwereginde harby basyşyny güýçlendirdi, ol şol sanda gündelik howa gatnawlary bilen düzgün bozmalaryny amala aşyrdy we öz-özüni dolandyrýan adany öz gözegçiligine almak üçin güýç ulanmakdan ýüz öwürmejekdigini beýan etdi.

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Iordaniýa: Eýranyň ýurduna guraýan hüjümlerini “bilkastlaýyn” hökmünde häsiýetlendirdi
Hindistanda sil sebäpli 17 müň 500 adam ewakuasiýa edildi
Gollandiýada ABŞ-daky we Kanadadaky 86 tonna altynyny Britaniýa getirdi
Gresiýada Günbatar Nil wirusyna ýoluganlaryň sany 290 adama ýetdi
Katar, Müsür we Iordaniýa Eýranyň Arap goňşularyna guraýan hüjümlerini ýazgardy
Ysraýyllylaryň Günbatar Şeriada iki aýry oba guran hüjüminde iki palestinaly ýogaldy
Tramp Eýran bilen urşuň tamamlanandygyny yglan etmegi göz öňünde tutýar
Russiýa Moskwany nyşana alan 37 drony urup düşürendiklerini mälim etdi
Russiýa: Ukrainanyň logistika merkezlerine we harby maksatlar üçin ulanylýan gämilere hüjüm guradyk
ABŞ-nyň Minneapolis şäherinde bolan atyşykda iki adam ýogaldy
ABŞ-nyň Eýrana guran soňky hüjüminde azyndan 18 adam ýogaldy
Germaniýada demir ýol menziliniň golaýynda partlama boldy
Nepal-Hytaý serhedinde bolan sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy
Müsürde bolan awtobus heläkçiliginde 16 adam ýogaldy
Russiýa: Eýranyň S-300 howa goranyş ulgamy täsirli işleýär
Ganhor Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 73 müň 462 adama ýetdi
Siriýanyň Idlib welaýatynda ok-däri ýüklenen ulagyň ýarylmagy sebäpli 2 adam ýogaldy
ABŞ Yraga 800 million dollarlyk harby enjam satar
BAE: Eýranyň duşmançylykly hüjümlerine degişli gaýtawuly görkezmek bilen hemle atdy
Modi bilen Pezeşkiýan Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy