Awstraliýanyň polisiýa gullugy Sidneý şäheriniň Bondi plýažynda bolan ölüm howply hüjümde güman edilýän iki ýaragly adamyň kaka we ogul bolandygyny we derňewçileriň başga şübhelileri gözlemeýändigini mälim etdi.
New South Walesiň Polisiýa gullugynyň komissary Mal Lanýon duşenbe güni žurnalistlere hüjümçileriň 50 ýaşly erkek we onuň 24 ýaşly ogly bolandygyny habar berdi. Kaka wakanyň bolan ýerinde polisiýa tarapyndan öldürildi, ogly bolsa saglyk ýagdaýy agyr, ýöne durnukly ýagdaýda hassahana ýatyryldy.
Lanýon wakada başga hiç kimiň jenaýatçy däldigini belläp: “Biz başga bir hüjümçini gözlemeýäris. Hüjümiň iki adam tarapyndan amala aşyrylandygyna ynanýarys” diýdi.
Beýleki tarapdan polisiýanyň wakanyň bolan ýerinden beren maglumatyna görä, ýogalan adamlaryň sany artdy. Agyr ýaralanan adamlaryň ýogalmaklary bilen hüjümde ölenleriň sany 15-e ýetdi, ýaralananlaryň sany bolsa 39 diýlip habar berildi. Bu görkeziji hüjümçileri öz içine almaýar, olaryň biri öldürildi, beýlekisi bolsa ýaraly ýagdaýda ele salyndy.
Komissar Lanýon şübhelileriň biriniň, ýagny kakasynyň, alty sany bellige alnan ýaragy bolan ygtyýarnamaly ýaragçydygyny aýtdy. Polisiýa gije wakanyň bolan ýerinde we Bonnirigg we Kempsi etraplaryndaky iki jaýda geçiren gözlegleriniň dowamynda jemi alty ýarag tapdy. Ol tapylan ýaraglaryň hüjümde ulanylyp-ulanylmandygyny tassyklamak üçin ballistik we kazyýet-lukmançylyk barlaglarynyň geçirilýändigini aýtdy.
Döwlet teleýaýlymy ABC-nyň habaryna görä, polisiýa hüjümçileriň biriniň ulagyndan partlaýjy enjamyny hem tapdy.











