Ysraýyl ylalaşyga garamazan Gaza guraýan howa hüjümlerini dowam etdirýär

Ysraýylyň harby goşuny ylalaşyga garamazdan hüjümlerini dowam etdirýär. Palestiniň Saglygy goraýyş ministrligine görä, azyndan 424 adam ýogaldy,1189 adam hem ýaralandy.

By
Palestinalylar Gazanyň merkezinde, penşenbe günki Ysraýylyň bir jaýa guran zarbasynyň ýerini gözden geçirýärler, 2026-njy ýylyň 9-njy ýanwary. / Reuters

Ysraýylyň harby goşuny 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda gazanylan ylalaşyga garamazdan şenbe güni ir ertir Gazada birnäçe etrapça howa hüjümini gurady.

Ýerli çeşmeler Ysraýylyň Gaza şäheriniň gündogaryny nyşana alandygyny habar berdi. Nyşana alynan sebitleriň ylalaşygyň çäginde Gazanyň gözegçiligi astyndadygyna üns çekildi.

Ysraýyla degişli harby uçaryň Gazanyň demirgazygyny nyşana aldngyny, Jebaliýe etrapçasynyň gündogaryna hem od açylandygy nygtaldy.

Gazanyň günortasynda bolsa Ysraýyla degişli harby uçarlaryň Rafah şäherine howa hüjümini gurandygy bellenildi. Rafah häzirki wagtda dolulygyna Ysraýylyň gözegçiligi astynda.

Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gaza guraýan hüjümlerinde esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 71 müň 400-den gowrak palestinliginiň ýogalandygy, 171 müňden gowrak adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Ysraýylyň ylalaşyga garamazdan guraýan hüjümlerinde Palestiniň Saglygy goraýyş ministrligine görä, azyndan 424 adam ýogaldy,1189 adam hem ýaralandy.