SYÝASAT
2 minut okamak
Ýaponiýa Hiroşima pajygasynyň 80-nji ýylynda ýadro ýaragsyzlanma boýunça çagyryş etdi
Ýaponiýanyň liderleri “dünýäde harby taýdan kuwwatlanma meýiliniň” güýçlenendigini duýduryp, dialoga we ynama esaslanýan halkara howpsuzlyk çarçuwasynyň düzülmegi üçin çagyryş berdiler.
Ýaponiýa Hiroşima pajygasynyň 80-nji ýylynda ýadro ýaragsyzlanma boýunça çagyryş etdi
Ýaponiýa Hiroşima pajygasynyň 80-nji ýylynda ýadro ýaragsyzlanma boýunça çagyryş etdi / AFP
6 Awgust 2025

ABŞ-nyň Hiroşima atom bombasyny taşlamagynyň 80-nji ýylynda ýapon liderler ýadro ýaragsyzlanma boýunça çagyryşlaryny ýene-de bir gezek beýan etdiler.

Ýaponiýanyň Premýer-mibistri Şigeru İşiba “NHK” habarlar gullugyna beren beýanatynda ýurdunyň global ýadro ýaragsyzlanma boýunça kepilligini nygtap, Ýaponiýanyň uruşda atom bombasy bilen hüjüm edilen ýeke-täk ýurtdygyny beýan etdi.

İşiba çarşenbe güni Hiroşima Parahatçylyk seýilgähinde sözlän sözünde; “Hiroşima Parahatçylyk muzeýine baranymda bu çydamasy kyn gam-gussalaryň we ýatlamalaryň unudylmagyna ýol berilmezligi hem-de gelejek nesillere ýetirilmegi hakyndaky düşünjerimi hasam güýçlendi” diýdi.

İşiba soň bolsa X sosial media platformasynda beren habarnamasynda; “Hiroşima atom bombasynyň atylmagyndan bäri 80 ýyl geçdi. Bu şäheri gysga möhletde gowrulan harabalyga öwüren wakada pida bolanlary hormat bilen hatyralaýaryn” diýdi.

Hiroşimanyň häkimi Kazumi Matsui Russianyň Ukraina urşunyň we Ysraýylyň Gazadaky operasiýasynyň aňyrsynda, “dünýäde harby taýdan kuwwatlanma meýiliniň depgininiň güýçlenendigini” duýdurdy.

Matsui; “Bu wakalar halkara jemgyýetçiliginiň taryhyň tragediýalaryndan çykarmaly netijeleri aç-açan ünsden düşürýär” diýdi.

Hatyralama çäresi 1945-nji ýylyň 6-njy awgustynda ABŞ-nyň Hiroşima atom bombasyny taşlan wagty bolan 08:15-de başlady.  

 Aman galanlaryň sany günsaýyn azalýar

Partlama şäheri ýer bilen ýegsan etdi we şol ýylyň ahyryna çenli takmynan 140 müň adamyň ölmegine sebäp boldy. Soňky onlarça ýylda müňlerçe adam radiasia sebäpli hassalyklardan ejir çekdi.

6-njy awgustda atylan “Little Boý” atly bombasyndan üç gün soň 9-njy awgustda Nagazaki şäherinbe atylan beýleki bir atom bombasy 74 müň adamyň ýogalmagyna sebäp boldy. Ýapon İmperatorlygy 15-nji awgustda boýun egdi we 2-nji Jahan urşy gutardy. Hiroşima häzirki wagtda 1,2 million ilatly ösen metropol hem bolsa, hüjümler ençeme adamyň aňyndan çykmady.

Hatyralama çäresinden öň 55 müňe golaý adam ýadygärligiň öňünde pida bolanlary hatyralamak üçin nobata durdy.

Hiroşimanyň häkimi Matsui Kazumi ýadygärlige gurban bolanlaryň soňky sanawyny goýdy. Sanawda indi 349,246 adamyň ady bar.

Çarşenbe güni çärä ilkinji gezek taiwanly we palestinli wekiller bilen bilelikde 120-ä golaý ýurtda hem-de sebitden wekiller gatnaşdylar. Bobalamalar üçin resmi taýdan ötünç soramadyk ABŞ-na ýurduň Ýaponiýadaky Ilçisi wekilçilik etdi. Russiýa we Hytaý bolsa çärä gatnaşmady.

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Erdogan Yragyň Premýer-ministri Sudani bilen söwda we terrora garşy göreş hakynda pikir alyşdy
BMG ABŞ-nyň Kuba goýan nebit embargosyna alada bildirýär
Türkiýe DKTR bilen täze ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşar
Gresiýanyň Premýer-ministri Türkiýede saparda bolar
Hakan Fidan Eýrana guraljak harby hüjümiň hökümetiň agdarylmagyna sebäp bolmajakdygyny aýtdy
ABŞ Gaza parahatçylyk sammitini geçirer
Daşary işler ministri Hakan Fidan, ÝB-niň Giňelmekden jogapkär ýokary wekili bilen duşuşdy
6-njy fewralda başdan geçirlen ýer titremesinden soň gaýtadan dikeldiş işleri dowam edýär
Türkiýe ABŞ-Eýran söweşiniň öňüniň alynmagy üçin diplomatiýany ileri tutýar
Türkiýe bilen Saud Arabystany KAAN harby uçarlaryna birlikde maýa goýar
MHG-nyň maglumatçysy Jeffri Epşteýniň Ysraýylyň içalysy bolandygyna "ynanýar
Pakistan bilen Gazagystan özara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin 37 şertnama baglaşdy
Türkiýe Sudanyň bitewilige we özygtyýarlygyna goldaw berýär
Ysraýyl ABŞ-nyň Eýrana hüjüm guramagyny isleýär, emma Tramp egilşiksiz diplomatiýany ileri tutýar
Putin Eýranyň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygyny kabul etdi
Türkiýe ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin töwellaçylyk etmäge taýar
Umumy türk elipbiýi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
ÝB-niň Eýranyň Ynkylap goragçylaryny “terror guramalarynyň” sanawyna almagyna garaşylýar
Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara Moskwa ikinji saparyny guraýar
Türkiýe bilen Nigeriýa özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak isleýär