DÜNÝÄ
1 minut okamak
Tramp Russiýa bilen Hytaýyň ýadro synagyny geçirýändigini nygtady
ABŞ-nyň Prezidenti 30 ýyl soň ýadro ýaraglarynyň synagdan geçirilmegi etabynyň gaýtadan başladylmagy barada görkezme bermeginden 3 gün soň möhüm beýannama berdi.
Tramp Russiýa bilen Hytaýyň ýadro synagyny geçirýändigini nygtady
Tramp Russiýa bilen Hytaýyň ýadro synagyny geçirýändigini nygtady
3 Noýabr 2025

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, ýadro ýaragyny synagdan geçirýän ýeke-täk ýurduň Demirgazyk Koreýa bolmandygyny, Russiýa bilen Hytaýyň hem ýadro synagyny geçirýändigini öňe sürdi.

CBS Nýusyň 60 minut gepleşigine gatnaşan Tramp möhüm beýannama berdi.

Gepleşigi alyp baryjy Norah O’Donneliň Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaragyny synagdan geçirýän ýeke-täk ýurtdygy hakyndaky garaýşy barada durup geçen Tramp, “Russiýa ýadro ýaragyny synagdan geçirýär, Hytaý hem synag geçirýär, emma hiç hili maglumat bermeýär” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň 30 ýyl soň ýadro ýaraglarynyň synagdan geçirilmegi etabynyň gaýtadan başladylmagy barada görkezme bermeginden 3 gün soň beren beýannamasy ünsleri özüne çekdi.

“Beýleki ýurtlar synag geçirýär. Biz synag geçirmeýän ýeke-täk ýurt we ýeke-täk ýurt bolmak islemeýärin” diýen Tramp, şol ýurtlaryň ýaraglaryny nirede synagdan geçirýändiklerini bilmegiň mümkin däldigini belledi.

“Ägirt uly ýadro güýç”

Ýadro ýaraglaryny ulanmak islemeýändigini ýene-de bir gezek nygtan Tramp, emma şol ýaraglaryň nähili işleýändigini görmek üçin synagyň geçirilmelidigini belledi.

Tramp, “Siz ýadro ýaragyny öndürýärsiňiz, emma synag geçirmeýärsiňiz. Onuň işläp işlemändigini nädim biljek?” diýdi.

ABŞ-nyň ägirt uly ýadro güýje eýedigini nygtan Tramp “Russiýa sanawda ikinji ýerde, Hytaý bolsa üçünji ýerde durýar, emma 5 ýylyň dowamynda deň derejä gelerler. Olar ýadro ýaragyny öndürmäge dowam edýär, ýadro ýaragsyzlanma boýunça gyssagly işe girişilmeli”diýip belledi.

 

 

Öwren
Kolumbiýa Karibdäki dartgynlyk sebäpli ABŞ bilen aňtaw maglumatlaryny paýlaşmagy bes etmegi buýurdy
Ukraina bilen Russiýa ýesir çalşygy boýunça Stambulda gepleşik geçirýär
Onlarça ýyl tussaglykda bolan Hannibal Kaddafi kepillik bilen boşadyldy
Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy häzirlikçe mümkin däl
Yrakda parlament saýlawy geçirilýär
Ysraýyl tarapyndan Liwana guralan hüjümde 1 adam ýogaldy
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy