Ýalowa welaýatynda DEAŞ tarapyndan guralan hüjümden soň, terrora garşy göreşiň çäginde gurama garşy operasiýa geçirildi.
Türk howpsuzlyk güýçleri tarapyndan ýurduň gündogarynda ýerleşýän welaýatlarda terror guramasy DEAŞ-a garşy geçirlen operasiýalarda 85 şübheli saklandy.
Ýurduň günorta gündogarynda ýerleşýän Şanlyurfa welaýatynda sosial media arkaly DEAŞ hakynda öwgüli sözler aýdandygy anyklanan 8 şübheli saklandy.
Ýurduň gündogarynda ýerleşýän Agry welaýatynda bolsa DEAŞ bilen arabaglanşykly guramalara şol bir bir wagtda guralan operasiýada 10 adam saklandy. Operasiýanyň çäginde gadagan edilen neşirler we digital materiallar ele geçirildi.
Günüň dowamynda Stambulyň Baş prokurorlygy tarapyndan geçirlen başga bir operasiýada saklanan 147 şübheliden 67-niň tussag edilendigi habar berildi.
Tussag edilenlerin arasynda guramanyň Ýalowadaky agzalary bilen arabaglanşykly 41 adamyň bardygy ýatladyldy.
Operasiýanyň çäginde saklanan 32 şühbeli bolsa Türkiýä wehim salýandyklary sebäpli ýurtlaryna yzyna ugradylar.
2025-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Stambulda we iki welaýatda jemi 114 öýde şol bir wagtda geçirlen operasiýalarda 110 şübheli saklandy.
29-nji dekabrda Ýalowada 3 polis gullukçysynyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümden soň terrora guramasy DEAŞ-a garşy geçirilýän operasiýalaryň depgini güýçlendi.
Ýalowa hüjüminden soň türk howpsuzlyk güýçleri DEAŞ-a agza azyndan 6 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi.
















