SYÝASAT
2 minut okamak
Siriýada Asadyň agdarylmagynyň birinji ýyly dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär
Siriýanyň halky Asadyň agdarylmagynyň birinji ýylyny azatlyk we howpsuzlyk gelejek umydy bilen belläp geçýär.
Siriýada Asadyň agdarylmagynyň birinji ýyly dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär
Siriýada Asadyň agdarylmagynyň birinji ýyly dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär / AA

Siriýalylar 61 ýyl dowam eden Baas ulgamynyň agdarylmagynyň birinji ýylyny ýurtlarynyň azatlygy we howpsuzlyk gelejek umydy bilen belläp geçýär.

Paýtagt Damaskyň ýaşaýjylary, agdarlan lider Asad döwründe başdan geçiren kynçylyklarynyň ortadan aýrylandygyny nygtaýar.

Täze hökümetiň esasan Siriýanyň azatlygy, ykdysady galkynyşy we howpsuzlygy taýdan alyp barýan syýasatlaryna ynanýandyklaryny belleýär.

Asadyň wezipesinden çetleşdirilmeginden soň gurlan täze hökümet halkyň elektrik togy bilen üpjün edilmegi, gullukçylaryň aýlyklarynyň tölenmegi we esasy hyzmatlaryň berilmegi üçin uly tagalla edýär. Raýatlaryň gündelik durmuşlaryna oňyn täsirini ýetiren kararlary amala aşyrýar.

Prezidentiň iýun aýynda kabul eden karary bilen gullukçylaryň aýlyklary 250 müň Siriýanyň lirasyndan ýagny 15 dollardan 750 müň Siriýanyň lirasyna ýagny 65 dollara çenli ýokarlandyryldy.

14 ýylyň dowamynda bombaly hüjümler sebäpli uly zeper ýetirlen elektrik torunda abatlaýyş işleri geçirilýär.

Türkiýäniň goldaw bermeginde Siriýanyň Azerbaýjandan alýan tebigi gazynyň mukdaryny artdyryldy.

Halap, Homus we Damask ýaly ýaly şäherlerde 15 ýyl soň ilkinji gezek synag maksatly 24 sagadyň dowamynda yzygiderli elektrik togy berilmäge başlandy.

Sednaýa, Mezzeh harby tussaghanasy bilen Khatib ýaly siriýanyň halkynda öçmejek yz galdyran tussaghanalar ýapyldy.

“Siriýa ähli taraplaýyn ýagty gelejek üçin öňe barýar”

Damaskyň ýaşaýjysy Kris Tume, Asadyň döwründe aragatnaşygyň dolulygyna diýlen ýaly bes edilendigini, ýangyç ýetmezçiligi sebäpli halkyň birnäçe sagadyň dowamynda nobata durandygyny aýtdy.

Tume “Häzir benzin we dizel elýeterli bolandygy üçin ulag tapmak has ýeňil. Gündelik durmuş adaty ýagdaýda dowam edýär”diýdi.

“Siriýa aýgytly ädimler bilen öňe barýar” diýen Tume, birnäçe ýylyň dowamynda ýurda girmegi gadagan edilen döwrebap tehnalogiýa enjamlarynyn ýurda gelmäge başlandygyny ýatlatdy.

“14 ýyl soň yzyňa dolanmak”

14 ýyl soň Siriýa yzyna dolanan Zein al-Abidin, agdarlan hökümet döwründe köçede gepleşmegiň hem gadagan edilendigini nygtady.

“Ozal garaýşyňy beýan etmek gadagandy. Şu günkü günde erkin ýagdaýda öz garaýşymyzy beýan edýäris” diýen Abidin “14 ýyl soň watanymyza dolanmak bizi buýsandyrýar” diýdi.

Hökümetiň ýurduň gaýtadan dikeldilmegi üçin uly tagalla edýändigini aýdan Abidin “Ýollar gurulýar, ynsanlar pul üçin däl eýsem ýurtlarynyň galkynyşy üçin işleýär” diýip belledi.

 

 

 

Öwren
YHG Türkiýäniň, Saud Arabystanynyň we Pakistanyň arasyndaky taryhy şertnama kanagatlanma bildirdi
Saud Arabystany we Pakistan bilen baglaşylan şertnama haýsydyr bir ýurdy nyşana almaýar
BMG Pakistanyň demirgazyk günbatarynda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Ysraýylyň Diaspora Ministri;  “Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bize dönüklik etdi”
Prezident Erdogan iş sapary bilen Saud Arabystanyna gitdi
Ministr Fidan: “Türkiýe bilen Siriýanyň durnuklylygy we asudalygy biri-biri bilen arabaglanşykly”
81 ýyl ozal ABŞ-nyň ýadro hüjümine sezevar bolan Hiroşimada ýadro garşy çagyryş edildi
Tramp; ABŞ-nyň ýeterlik ýaragy bar
Zelenskiý Russiýa garşy täze operasiýalaryň geçirilmegini tassyklady
Prezident Erdogan Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Daşary işler ministri Hakan Fidan telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär
Netanýahu sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyny islemeýär
Sudanyň Daşari işler ministri Türkiýede saparda bolar
Hakan Fidan BMG-nyň Baş sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Şara: Prezident Erdogan Siriýa goýlan sanksiýalaryň bes edilmegi üçin tagalla edýär
BMG-nyň Baş sekretary 17 ýyl soň Damaska bardy
Eýranyň Daşary işler ministri russiýaly we pakistanly kärdeşi bilen duşuşdy
Lawrow bilen Rubio Ukraina krizi hakynda pikir alyşdy
Türk esgeriniň Somalidäki iş möhledi ýene-de 2 ýyl uzadyldy
Russiýa-Ukraina söweşinde ýogalan asuda ilatyň sany 37 göterim artdy