SYÝASAT
2 minut okamak
Siriýada Asadyň agdarylmagynyň birinji ýyly dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär
Siriýanyň halky Asadyň agdarylmagynyň birinji ýylyny azatlyk we howpsuzlyk gelejek umydy bilen belläp geçýär.
Siriýada Asadyň agdarylmagynyň birinji ýyly dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär
Siriýada Asadyň agdarylmagynyň birinji ýyly dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär / AA
Duş 9 Ýek

Siriýalylar 61 ýyl dowam eden Baas ulgamynyň agdarylmagynyň birinji ýylyny ýurtlarynyň azatlygy we howpsuzlyk gelejek umydy bilen belläp geçýär.

Paýtagt Damaskyň ýaşaýjylary, agdarlan lider Asad döwründe başdan geçiren kynçylyklarynyň ortadan aýrylandygyny nygtaýar.

Täze hökümetiň esasan Siriýanyň azatlygy, ykdysady galkynyşy we howpsuzlygy taýdan alyp barýan syýasatlaryna ynanýandyklaryny belleýär.

Asadyň wezipesinden çetleşdirilmeginden soň gurlan täze hökümet halkyň elektrik togy bilen üpjün edilmegi, gullukçylaryň aýlyklarynyň tölenmegi we esasy hyzmatlaryň berilmegi üçin uly tagalla edýär. Raýatlaryň gündelik durmuşlaryna oňyn täsirini ýetiren kararlary amala aşyrýar.

Prezidentiň iýun aýynda kabul eden karary bilen gullukçylaryň aýlyklary 250 müň Siriýanyň lirasyndan ýagny 15 dollardan 750 müň Siriýanyň lirasyna ýagny 65 dollara çenli ýokarlandyryldy.

14 ýylyň dowamynda bombaly hüjümler sebäpli uly zeper ýetirlen elektrik torunda abatlaýyş işleri geçirilýär.

Türkiýäniň goldaw bermeginde Siriýanyň Azerbaýjandan alýan tebigi gazynyň mukdaryny artdyryldy.

Halap, Homus we Damask ýaly ýaly şäherlerde 15 ýyl soň ilkinji gezek synag maksatly 24 sagadyň dowamynda yzygiderli elektrik togy berilmäge başlandy.

Sednaýa, Mezzeh harby tussaghanasy bilen Khatib ýaly siriýanyň halkynda öçmejek yz galdyran tussaghanalar ýapyldy.

“Siriýa ähli taraplaýyn ýagty gelejek üçin öňe barýar”

Damaskyň ýaşaýjysy Kris Tume, Asadyň döwründe aragatnaşygyň dolulygyna diýlen ýaly bes edilendigini, ýangyç ýetmezçiligi sebäpli halkyň birnäçe sagadyň dowamynda nobata durandygyny aýtdy.

Tume “Häzir benzin we dizel elýeterli bolandygy üçin ulag tapmak has ýeňil. Gündelik durmuş adaty ýagdaýda dowam edýär”diýdi.

“Siriýa aýgytly ädimler bilen öňe barýar” diýen Tume, birnäçe ýylyň dowamynda ýurda girmegi gadagan edilen döwrebap tehnalogiýa enjamlarynyn ýurda gelmäge başlandygyny ýatlatdy.

“14 ýyl soň yzyňa dolanmak”

14 ýyl soň Siriýa yzyna dolanan Zein al-Abidin, agdarlan hökümet döwründe köçede gepleşmegiň hem gadagan edilendigini nygtady.

“Ozal garaýşyňy beýan etmek gadagandy. Şu günkü günde erkin ýagdaýda öz garaýşymyzy beýan edýäris” diýen Abidin “14 ýyl soň watanymyza dolanmak bizi buýsandyrýar” diýdi.

Hökümetiň ýurduň gaýtadan dikeldilmegi üçin uly tagalla edýändigini aýdan Abidin “Ýollar gurulýar, ynsanlar pul üçin däl eýsem ýurtlarynyň galkynyşy üçin işleýär” diýip belledi.