Ispaniýa ABŞ-na boýun egmejekdigini beýan etdi
Pedro Sançez Ispaniýanyň “dünýä üçin zyýanly” aksiýalara “ar-alyş gorkusy sebäpli “janaýata şärij bolmajakdygyny nygtap, Yrak urşundan çykarylan netijeleri ýatlatdy.
Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançez çarşenbe güni Ýakyn Gündogarda harby dartgynlylygyň güýçlenmegi bilen baglylykda “kör we boýun egen” ugra eýermekden berk ýüz öwrüp, Ysraýylyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda ot açyşlygy dessine bes etmek barada çagyryş bilen çykyş etdi.
Premýer-ministr Sançez ABŞ-nyň X sosial media platformasy arkaly ýaýradylan wideo ýüzlenmesinde Ispaniýanyň pozisiýasyny aç-açan we egilşiksiz görnüşde “ýok bolsun uruş” diýlen ýörelge hökmünde beýan etdi.
Ol 2003-nji ýylda Yrakda amala aşyrylan harby operasiýa ünsi çekip, “Azor adalary mentaliteti” boýunça duýduryş berdi. Sançez 2003-nji ýylyň Azor sammitine salgylanyp, şol duşuşykda ABŞ-nyň Prezidenti George W. Bush, Britaniýanyň Premýer-ministri Tony Blair we şol döwürdäki Ispaniýanyň Premýer-ministri José María Aznar tarapyndan diplomatik tagallalaryň bir gapdala goýlup, Yrak Respublikasynyň şol wagtky Prezidenti Saddam Hüseýine soňky duýduryşeň berilendigini ýatlatdy. Onuň bellemegine görä, şol çemeleşme Ýewropa yklymy üçin “howpsuz bolmadyk dünýäniň” we “ýaramazlaşan durmuş şertleriniň” ýüze çykmagyna sebäp bolupdyr.
Premýer-ministr Sançez Ispaniýanyň “ar alyş howpy” sebäpli halkara derejede durnuksyzlygy güýçlendirýän işlere goşuylmajakdygyny aýratyn nygtap geçdi.
Şeýle hem ol Ispaniýanyň Ýaragly güýçleriniň sebitde ýerleşýän raýatlary goramak maksady bilen ewakuasiýa çärelerini gije-gündiz üzmüksiz utgaşdyrýandygyny beýan etdi.
Sançez çykyşynyň ahyrynda: “Ýurdumyzyň ykdysady, institusional we ahlak taýdan kuwwatyna doly ynam bildirýäris. Şeýle çylşyrymly döwürlerde ispaniýalydygymyza has hem buýsanýarys” diýdi.
ABŞ bilen Ispaniýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar häzirki wagtda dartgynly häsiýete eýedir. Madrid Eýrana garşy amala aşyrylan hüjümleri ýazgaryp, şol bir wagtda Waşingtonyň Ispaniýanyň çägindäki harby bazalardan Eýrana garşy operasiýalar üçin peýdalanmagyna rugsat bermekden ýüz öwürdi.
Mundan ozal Ispaniýanyň Daşary işler, Ýewropa bileleşigi we Hyzmatdaşlyk ministri Hose Manuel Albares Ispaniýanyň ABŞ bilen harby hyzmatdaşlygy giňeltmäge razydygy barada çykan habarlara berk reaksiýa bildiripdi.
Ministr Albares “Cadena SER” radiosyna beren beýanatynda “Ýakyn Gündogarda dowam edýän uruş hereketleri hem-de Eýrana garşy bombalamalar Ispan hökümetiniň bazalarymyzyň ulanylyşy baradaky pozisiýasyny birje dyngy belgisiniň derejesinde-de üýtgetmedi” diýdi.
Bu beýanat Ak Tamyň metbugat sekretary Karoliýn Leavittiň Ispaniýanyň hyzmatdaşlygy kabul edendigi baradaky çykyşyndan berildi. Leavitt ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trumpyň Ýewropadaky hyzmatdaşyna “ählumumy söwda gatnaşyklaryny bes etmek” howpunyň abanyp biljekdigini beýan etmeginden soň ylalaşyk gazanylandygyny öňe sürüpdi. Trumpyň duýduryşy Madrid tarapyndan ABŞ-nyň Ispaniýanyň çägindäki harby desgalaryny Eýrana garşy hüjüm maksady bilen ulanmagyň gadagan edilmeginden soň berlipdi.
Karolaýn Leavitt žurnalistlere ýüzlenip: “Ispaniýa bilen baglylykda, meniň pikirimçe, olar düýn Prezidentiň beren duýduryşyny açyk we düşnükli kabul etdiler. Meniň alan maglumatlaryma görä, olar ABŞ-nyň Ýaragly güýçleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge razy. Şoňa laýyklykda ABŞ-nyň harby guramalary Ispaniýadaky degişli hyzmatdaşlar bilen utgaşykly işleri alyp barýar” diýipdi.