Ysraýyl Gazada ýene-de 12 palestinlini öldürdi
Oktýabr aýynda kabul edilen ylalaşyga garamazdan Ysraýylyň guran hüjümleri sebäpli 524 palestinli öldi, 1.360 adam ýaralandy, 1.450 düzgünbozma edildi.
Şenbe güni ir-säher Gazanyň dürli etraplaryna howa hüjümlerini guran Ysraýyl, 12 palestinlini öldürdi.
Hassahanalardan alynan maglumata görä Gaza şäheriniň günbataryndaky Rimal etrapçasynda bir ýaşaýyş jaýyna guralan howa hüjüminde üç sanysy çaga, iki sanysy zenan jemi bäş palestinli öldi, köp sanly adam ýaralandy.
Günorta Gazadaky Han Ýunusyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Asdaa etrapçasynda bolsa ýerinden jyda düşürilen ilatyň bolýan çadyryna guralan howa hüjümiden bir kaka üç ogly we üç agtygy bilen bilelikde öldürildi.
Şaýatlar Gaza şäheriniň gündogaryndaky Tuffah etrapçasynda bir ýaşaýyş jaýyna guralan hüjümde bolsa köp sanly palestinliniň ýaralanandygyny beýan etdiler.
Ysraýylyň harby uçarlary şeýle hem Gaza şäherinin demirgazyk-günbataryndaky al-jalaa köçesine we Gazanyň merkezindäki Bureýj düşelgesininiň gündogaryna iki hüjüm gurady.
Ysraýylyn genosidi
Okýabr aýynyn başynda ylalaşygyň güýje girmeginden bäri 524 palestinli öldi, 1.360 adam ýaralandy, 1.450 düzgünbozma edildi. Bu barasynda Gazadaky metbugat gullugy şenbe güni habar berdi.
Şol beýannamada ylalaşygyň güýje girmeginden bäri 50 palestinlini saklandygy, şol adamlaryň “sary zolakdan” alysdaky ýerlerden we ilatly ýerlerlerden alynandygy mälim edildi.
Gumanitar protokola hakyndaky düşündirişde bolsa Ysraýylyn ylalaşygyň çäginde göz öňünde tutulan 66,600 ulagdan diňe 28,927 sanysynyň ynsanperwer kömek, söwda harytlaryny we ýangyç getirýän ulaglar hökmünde geçmegine rugsat berendigi beýan edildi. Şolaryň 43 göterimlik utgaşyklyga bap gelýändigi nygtaldy.
Adybir ylalaşygyň Ysraýylyň iki ýyl dowam eden we 71.600-den gowrak palestinlinin ölmegine, 171.300 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümlerini bes etdirmegine garaşylýardy.
Hüjümlerde Gazadaky raýat infrastrukturasynyn 90 göterimi hatardan çykdy. BMG gaýtadan dikeldiş işleri üçin 70 milliard dollaryň gerekdigi çaklaýar.