Pakistan bilen Owganystan 6-njy noýabrda Stambulda gepleşikleri dowam etdirerler
Türkiyäniň Daşary işler ministrliginiň beýanatyna görä, Günorta Aziýa iki goňşy ýurtlaryň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleri Stambulda dowam eder. Taraplar ok atyşlygy bes etmek we tassyklamak mehanizmini döretmek barada ylalaşdylar.
Owganystan bilen Pakistan 6-njy noýabrda Stambulda parahatçylyk gepleşiklerini dowam etdirmek we şol wagta çenli ok atyşygy bes etmek barada ylalaşyga geldiler.
Türkiyäniň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda: "Taraplar ýaraşygy dowam etdirmek barada ylalaşdylar. Ok atyşygy bes etmek baradaky goşmaça ýörelgeler 6-njy noýabrda Stambulda geçiriljek ýokary derejeli duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylar we karara geliner" diýip, aýdylýar.
Beýanatda taraplaryň parahatçylygy üpjün etmek we düzgüni bozan tarapa jeza bermek üçin gözegçilik we tassyklama mehanizmini döretmek barada ylalaşandyklary aýdylýar.
Beýanatda: “Türkiye we Katar iki tarapyň hem araçy hökmünde işjeň goşandyna ýokary baha berýärler we dowamly parahatçylyk we durnuklylyk üçin iki tarap bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan edýärler” diýlip, aýdylýar.
Owgan we Pakistan resmileriniň arasyndaky gepleşikler Ankara bilen Dohanyň ýolbaşçylygynda birnäçe gün dowam eden araçylykdan soň Stambulda tamamlandy. Owganystanyň wagtlaýyn hökümetiniň metbugat wekili Zabihullah Mujahid iki tarapyň hem gepleşikleri dowam etdirmek barada ylalaşandygyny aýtdy.
Pakistan-Owganystan serhedinde bolan çaknyşyklardan soň, 19-njy oktýabrda Dohada Kataryň we Türkiyäniň araçylyk etmeginde Yslamabad bilen Kabulyň arasynda gepleşikler geçirildi we taraplar häzirki wagtda güýje giren ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyga geldiler.
Taraplar gepleşiklerini dowam etdirmek üçin geçen hepde Stambulda duşuşdylar. Hemişelik parahatçylygy ýola goýmak üçin tagallalar dowam edýär.